Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Akgala» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçileri oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşleriniň bereketli hasylyny kemala getirmekde ýylyň-ýylyna has tapawutlanyp, köplere görelde bolýarlar. Olaryň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da bu babatda öňe saýlanmaklary örän guwandyryjydyr. Birleşigiň 301 sany pagtaçy daýhanlary şu ýylda 750 gektar meýdanda «ak altynyň» bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda agzybirlikli iş alyp bardylar. Şonuň netijesinde olar şol meýdanlardan 1500 tonnadan gowrak ýokary hilli pagtany Watan harmanyna goşup, bu baradaky meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmegiň hötdesinden geldiler. Şertnamalaýyn borçnamanyň abraý bilen berjaý edilmegine Döwran Ahmedow, Bahram Atanazarow, Bagtyýar Kamalow, Ylham Koşanow dagynyň ýolbaşçylyk edýän 2,8,11,14-nji kärendeçiler toparlarynyň agzalary has-da saldamly goşant goşdular. Hojalygyň gowaça meýdanlarynda entek pagta hasyly az däl. Ony iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak ugrundaky işler guramaçylykly dowam etdirilýär.