Yhlasly zähmetiň netijesi
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Yhlasly zähmetiň netijesi

Ykdysadyýet
14.05.2024  309

Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň esasy ugurlarynyň biri hasaplanylýan maldarçylykda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, mallaryň baş sanyny köpeltmek, olardan öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gaýratly zähmet çekýän Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty Döwlet birleşiginiň Daşoguz welaýat bölüminiň agzybir maldarlary dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak boýunça şu ýyl üçin bellenilen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şonda bölümiň hasabynda bar bolan 31074 ene dowardan 25886-a derek 26986 sany owlak-guzy öndürilip, meýilnama 104,2 göterim, 1799 ene düýeden 810 sany köşek alnyp, meýilnama 100 göterim berjaý edildi.

Gazanylan bu üstünliklere bölümiň Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän «Garagum» maldarçylyk hojalygynyň maldarlary 15607 owlak-guzy, 470 köşek, Şabat etrabynyň çäginde hereket edýän «Dowardarçylyk» maldarçylyk hojalygynyň maldarlary 11379 owlak-guzy, 340 köşek öndürip, mynasyp goşant goşdular. Dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almakda tejribeli çopanlaryň onlarçasynyň has-da tapawutlanandyklaryny bellemek bolar. Şu möwsümde öndürilen owlak-guzularyň, köşekleriň ählisi ösdürmäge goýberildi. Munuň özi ýakyn wagtlarda täze sürüleriň döredilmegine mümkinçilik berýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Bol pile hasyly ugrunda
07.05.2025   170
Ykdysadyýet Ýokary hilli önümler
19.06.2024   251
Ykdysadyýet Hil — esasy görkeziji
22.10.2024   220
Ykdysadyýet Päk zähmetiň belent hormaty
08.11.2025   115
Ykdysadyýet Ýaşyl öwüsýän meýdanlar
12.11.2024   229
Ykdysadyýet Şaly oragy ýokary depginde
07.11.2024   280
Ykdysadyýet Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
15.11.2024   240
image