Yhlasly zähmetiň guwandyryjy netijeleri
weather dashoguz 26° C Daşoguz

Yhlasly zähmetiň guwandyryjy netijeleri

Ykdysadyýet
22.09.2025  123

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bugdaý oragy döwründe Watan harmanyna galla tabşyrmak baradaky meýilnamany Daşoguz welaýatynda ilkinjileriň hatarynda üstünlikli berjaý edip, uly abraýa eýe bolan Boldumsaz etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň ezber kärendeçileri şu ýylyň güýzki bugdaý ekiş möwsümine hem ykjam taýýarlyk gördüler. Şeýlelikde, olar welaýatda bugdaý ekişine dabaraly ýagdaýda badalga berilmeginiň yzysüre bu möhüm çärä agzybirlik bilen girişip, onuň depginini bada-bat ýokarlandyrdylar.  Geçen orak möwsüminde ýetilen belent sepgitler gallaçylary has-da gaýratly zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Şunlukda, şu ýylyň güýzünde bugdaý ekilmegi göz öňünde tutulýan 480 gektar meýdanyň ählisinde sürüm, tekizleme işleri öz wagtynda amala aşyryldy. Bu bolsa ýerleri suwdan gandyrmaga, olaryň talabalaýyk taba gelmegine şert döretdi. Şunuň netijesinde häzirki günlerde bugdaý ekişini öndürijilikli alnyp barylýar.

Belli bolşy ýaly, daýhan birleşiginde kärendeçileriň 210-sy galla hasylyny ýetişdirmek barada şertnama baglaşypdyr. Olaryň köpüsiniň bu babatda uly iş tejribeleriniň bolmagy her bir möwsümde öňegidişlikleriň gazanylmagyna ýardam berýär. Häzirki dowam edýän bugdaý ekişinde-de munuň şeýle bolýandygyny aýtmak gerek.

Bu ýerde bugdaý ekişiniň şeýle öndürijilikli alnyp barylmagynda Nurnepes Çaryýew, Agamyrat Gazakow, Öregeldi Barlyýew ýaly mehanizatorlaryň uly goşantlarynyň bardygyny bellemek zerur bolup durýar. Sebäbi olar özlerine berkidilen traktorlara ökdelik bilen erk edip, her bir çäräni göwnejaý ýerine ýetirmegiň hötdesinden gelýärler. Munuň özi gündelik onlarça gektar meýdanda ýokary hilli ekiş geçirilmegine mümkinçilik berýär.

Irki ekiş geçirilen meýdanlarda bugdaýlar kadaly gögerip, atyzlara görk berip ugrady. Nesip bolsa, olaryň idegine hem aýratyn üns bererler. Bu hem kärendeçi daýhanlaryň geljek ýylda has hem belent harmanlary döretmeklerini üpjün eder.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Hil — esasy görkeziji
22.10.2024   219
Ykdysadyýet Datly önümler il saçagyna
04.12.2025   133
Ykdysadyýet Sanly ykdysadyýetde gazanylýan ösüşler
23.01.2023   258
Ykdysadyýet Gowaça ekişi öndürijilikli barýar
23.04.2024   286
Ykdysadyýet Şaly ekişi guramaçylykly dowam edýär
07.05.2025   180
Ykdysadyýet Tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýyş
23.01.2026   72
image