Yhlasly zähmet üstünligiň kepilidir
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Yhlasly zähmet üstünligiň kepilidir

Jemgyýet
09.04.2024  454

Daşoguz welaýatynda badalga berlen gowaça ekişiniň depgini barha güýçlenýär. Welaýatyň Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň pagtaçy kärendeçileri hem şu ýyl 7300 gektar ýere gowaça ekmegi meýilleşdirip, bu işi agrotehniki kadalara laýyklykda gyzgalaňly alyp barýarlar.

Paýdarlar jemgyýetinde gowaça ekişi hojalygyň Was, Aşyk Aýdyň düzlüklerindäki ýerlerinde ýokary depgine eýe bolupdyr. Häzirki wagtda bolsa bu çäre onuň oba arasyndaky ýerlerinde hem günsaýyn gyzgalaňly häsiýete eýe bolýar. Munuň bu ýerde gowaça ekişine ýokary hilli taýýarlyk görülmeginiň netijesidigini bellemek zerurdyr.

Belli bolşy ýaly, paýdarlar jemgyýetinde ýer sürüminde, tekizlemesinde täze tehnologiýaly, kuwwatly tehnikalaryň ulanylyşy ýaly, gowaça ekişinde hem olara uly orun berilýär. Hojalykda öz kärende ýerlerini irki möhletlerde gowaça ekişini geçirmäge doly taýýar eden kärendeçi daýhanlar örän köp. Olaryň hatarynda Altyn Goçkarowanyň, Eziza Töräýewanyň, Ikram Nurmetowyň, Jemile Mätgurbanowanyň we beýlekileriň atlaryny tutmak mümkin. Ýeri gelende bellesek, bu kärendeçiler geçen ýyllarda-da özleriniň gözegçilik edýän meýdanlaryndan örän ýokary hasyl almagyň hötdesinden geldiler.

Hojalygyň kärendeçileriniň ýerden bol hasyl öndürmekleriniň esasy sebäbi olaryň ýeriň sürümine, tekizlenilişine, suwdan gandyrylyşyna, gurplandyrylyşyna aýratyn üns bermeginden gelip çykýar. Bu işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilen meýdanlarynyň gyrasynda goşmaça ders döküniniň uly üýşmekleri muňa ýene bir mysaldyr.

Görnüşi ýaly, diňe bir welaýatda däl, eýsem ýurdumyzda öz üstünlikleri bilen giňden tanalýan bu paýdarlar jemgyýetinde gowaça ekişiniň depgini gün geldigiçe, belki-de, sagatsaýyn ýokarlanýar. Bu bolsa onuň şan-şöhratly ýylymyzda has-da belent sepgitlere ýetmeginiň berk binýadydyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Mukaddeslige ygrarlylygyň baýramy
27.01.2026   135
Jemgyýet Baýramçylyk konserti
13.12.2025   194
Jemgyýet Sürüjileriň hünär bäsleşigi
25.11.2025   190
Jemgyýet Rowaç menzilleriň beýany
19.06.2026   96
Jemgyýet Kanunlar döwrebap kämilleşdirilýär
11.07.2025   252
Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
01.08.2025   242
Jemgyýet Gadymy senediň galkynyşy
27.03.2024   446
Jemgyýet Bag — durmuşyň bezegi
30.10.2024   477
image