Daşoguz welaýatynyň pagtaçy daýhanlary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda 140 müň gektar meýdanda «ak altynyň» bereketli hasylyny kemala getirmek maksady bilen, gaýratly zähmet çekýärler. Munuň şeýledigini häzirki günlerde olaryň giň atyzlarda boýy ýetip, gül-gunça basyrynýan gowaçalara göwnejaý ideg etmek ugrunda amala aşyrýan derwaýys çäreleriniň ýokary depgine göterilendiginden hem bilmek mümkin. Şeýlelikde, bejergisi ýetirilýän boldumly düýpler meýdanlara bezeg berýär.
Häzirki wagtda welaýatyň Akdepe etrabynyň pagtaçylarynyň hem bu babatda alyp barýan işleri olaryň öz öňlerinde goýulýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge ähli gujur-gaýratlaryny gönükdirýändiklerine şaýatlyk edýär. Belli bolşy ýaly, şu ýylyň baharynda etrabyň babadaýhanlary jemi 18 müň gektar meýdana gowaça ekip, kadaly gögeriş gazanypdyrlar. Şonuň netijesinde olar bejergi çärelerini berjaý etmeklige hem bellenilen möhletlerde girişmek bilen, şu wagta çenli bu babatda ýokary netijelere eýe bolupdyrlar. Bu barada aýdylanda, etrabyň «Nowruz», Mollanepes adyndaky, Orazgeldi Ärsaryýew, Magtymguly adyndaky we beýleki daýhan birleşikleriniň, şonuň ýaly-da daýhan hojalyklarynyň ençemesiniň agzalarynyň durmuşa geçirýän işleriniň döwrüň talabyny ödeýändigini bellemek ýerliklidir.
«Türkmenistan» daýhan birleşigi hem pagta hasylyny ýetişdirmek boýunça etrabyň iri hojalyklarynyň biri hasap edilýär. Şu ýyl hojalykda 1530 gektar meýdanda bu ugurda iş alnyp barylýandygy-da munuň şeýledigini tassyklamaga esas berýär. Häzirki günlerde bolsa bu daýhan birleşiginiň kärendeçileri öz gözegçilik edýän meýdanlaryndaky gowaçalaryň idegini guramaçylykly dowam edýärler.
Şu günleriň her bir pursadynyň pagtaçy daýhanlar üçin gymmaty has ýokary bolýar. Häzirki wagta çenli ekin meýdanlarynda gowaçalaryň hatar arasyny ýumşatmak, goşmaça iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak ýaly çäreler birnäçe sapar talabalaýyk ýerine ýetirildi. Munuň özi olaryň kadaly ösmegine, hasyl toplamagyna oňaýly şertleri döretdi. Şoňa görä-de, häzir gowaça meýdanlaryndaky guwandyryjy görnüşler her bir adamyň ünsüni çekýär.
Daýhan birleşiginiň kärendeçiler toparlarynyň ählisinde-de gowaçalara ideg etmekde ýokary netijeler gazanylýar. Guwanç Geldiýewiň, Nazarbaý Gylyjowyň ýolbaşçylyk edýän 6,12-nji kärendeçiler toparlarynyň agzalarynyň bu babatda has-da öňe saýlanýandyklary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Çünki olar gowaçalary ýekelemekde, haşal otlardan arassalamakda, mineral dökünler bilen iýmitlendirmekde her bir çäräniň öz wagtynda, ýokary hilli amala aşyrylmagyna uly üns bermek bilen, köplere görelde bolup gelýärler. Şeýle zähmetsöýer kärendeçileriň hatarynda Aýnur Arazdurdyýewanyň, Saparbaý Geldiýewiň, Bägül Şiriýewanyň we beýlekileriň atlaryny tutmak bolar.
Kärendeçileriň şeýle guwandyryjy netijelere eýe bolmagynda mehanizatorlarymyzyň hem uly goşantlary bar. Sebäbi gowaça bejergisinde olaryň üstüne örän ýokary jogapkärçilik düşýär. Başgaça aýdanymyzda ýerden ýaňy saýlanyp barýan ýaşajyk gowaça düýpleriniň arasynda-da, olaryň häzirki wagtda gül-gunçalardan, irki köreklerden doly şahalaryny çar tarapa ýaýradyp oturan pursatlarynda-da bejergi işini geçirmek mehanizatorlardan örän seresaplylygy, ünslüligi talap edýär. Biziň Ilmyrat Durdyýew, Şageldi Otuzow, Serdar Garlyýew ýaly mehanizatorlar öz ýadawsyz zähmetleri bilen muňa hötde gelip, kärendeçi daýhanlaryň hoşallyklaryna mynasyp bolýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň ene toprakdan öndürilýän pagta hasylynyň mukdaryny artdyrmak, bu ugurda zähmet çekýän babadaýhanlar üçin ähli zerur şertleri döretmek baradaky taýsyz tagallalaryndan ruhlanýan bu daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň häzirki döwürde gowaçalara ideg çärelerini göwnejaý amala aşyrmaklyga siňdirýän yhlaslarynyň guwandyryjy netijeleri şu günlerde-de olaryň atyz-meýdanlarynda anyk görünýär. Şu ýylyň güýzünde bolsa bu zähmetsöýer pagtaçylaryň belent «ak altyn» harmanyny döredip, muny has-da äşgär etjekdiklerine-de ynam bar.