Tomus paslynyň gyzgalaňly günlerinde oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän adamlaryň köp sanlysynyň esasy aladasy atyz-meýdanlarda barha boý alyp, ýaşyl öwüsýän gowaçalaryň bejergisini ýetirmeklige gönükdirilýär. Çünki bu işe gatnaşýan kärendeçi daýhanlaryň, daýhan hojalyklarynyň agzalarynyň, mehanizatorlaryň her biri şeýle möhüm pursatlarda amala aşyrylýan çäreleriň bol hasyly kemala getirmekde uly ähmiýetiniň bardygyna örän oňat göz ýetirýär.
Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň ähli künjeklerinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bereketli «ak altyn» hasyly ugrunda giň ýaýbaňlandyrylan çäreler munuň şeýledigini aýdyň tassyklaýar. Şol ýerlerde şeýle agzybirlikli aladalar bilen gurşalyp, öz wagtynda ideg edilýän gowaçalaryň ýakymly görnüşleri zähmetsöýer babadaýhanlaryň yhlasynyň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär.
Belli bolşy ýaly, şu ýyl welaýat boýunça jemi 140 müň gektar meýdanda bu babatda iş alnyp barylýar. Şeýlelikde, pagtaçy daýhanlaryň müňlerçesi ir ertirden giç agşama çenli ýadawsyz zähmet çekip, gowaçalary haşal otlardan arassalamakda, goşmaça iýmitlendirmekde, zyýankeşlerden goramakda derwaýys çäreleri ýokary hilli berjaý etmeklige aýratyn üns berýärler. Bu babatda olara tejribeli mehanizatorlaryň kömegi-de uly bolýar.
Gowaçalara talabalaýyk ideg etmekde daýhan birleşikleriniň onlarçasynda işleriň has-da guramaçylykly barýandygyny aýtmak bolar. Olaryň hatarynda Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetini, Gubadag etrabynyň «Döwletli», Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Ýalkym», Köneürgenç etrabynyň «Bereket», Görogly etrabynyň H.Myradow adyndaky, Akdepe etrabynyň Mollanepes adyndaky, Garaşsyzlyk etrabynyň «Täze durmuş», Boldumsaz etrabynyň «10 ýyl abadanlyk» we beýleki daýhan birleşiklerini agzap geçmek ýerliklidir.
Şabat etrabynyň «Nowruz» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri şu ýylyň baharynda 1301 gektar meýdana gowaça ekip, kadaly gögeriş gazandylar. Şonuň netijesinde olaryň köpüsi ekinlere ideg etmeklige has irki möhletlerde girişip, bu ugurdaky çäreleri häzirki wagtda hem öndürijilikli dowam etdirýärler. Bu babatda daýhan birleşiginiň pagtaçylyk bilen meşgullanýan 100-e golaý kärendeçileriniň ençemesiniň has-da öňe saýlanýandyklary bellenilmäge mynasypdyr.
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň N.Gylyjow adyndaky daýhan birleşiginiň 1200 gektardan gowrak ýerde pagtanyň bol hasylyny ýetişdirmegi maksat edinen kärendeçileri hem şu günlerde özleriniň gözegçiligindäki edýän meýdanlarynda gününi sanap ösýän gowaçalara ähli yhlaslaryny siňdirýärler. Bu babatda daýhan birleşigi boýunça bar bolan 12 sany kärendeçiler toparlarynyň ählisinde hem işleriň öndürijilikli dowam etdirilýändigini bellemek bolar.
Gowaçalara göwnejaý ideg etmekde Gubadag etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň hem bitirýän işleri az däl. Olar jemi 400 gektar meýdanda bu ugurdaky çärelere öz wagtynda badalga berip, şu wagta çenli gowaçalaryň hatar arasyny birnäçe sapar ýumşatmagyň, olary haşal otlardan arassalamagyň, iýmitlendirmegiň hötdesinden geldiler. Munuň özi şu ýyl daýhan birleşigi boýunça 800 tonnadan gowrak «ak altyny» döwlet harmanyna goşmak baradaky meýilnamanyň abraý bilen ýerine ýetirilmegine şert döreder.
Akdepe etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň başarjaň kärendeçileriniň şu şöhratly ýylda ak pagtanyň saldamly hasylyny öndürmek ugrundaky tagallalary hem öz miwesini berýär. Has anygy, olaryň häzirki wagtda 1 müň gektar meýdandan altyn güýzde ýygnaljak bol hasylyň binýady bolup görünýän gowaçalara edýän ideg işleri diňe bir depgininiň ýokarydygy däl, eýsem, olaryň hiline-de aýratyn üns berilýändigi bilen tapawutlanýar. Daýhan birleşiginiň 300-den gowrak pagtaçy kärendeçiniň ene topraga siňdirýän maňlaý deri öz guwandyryjy netijesini berýär. Munuň özi olaryň şu ýyl has-da uly üstünliklere eýe boljakdyklarynyň nyşanydyr.
Elbetde, ene toprakdan bereketli pagta hasylyny ýygnap, Watan harmanynyň beýgelmegine mynasyp goşant goşmak welaýatyň bu ugurda iş alyp barýan daýhanlarynyň her biriniň esasy maksady diýsek, ýalňyş bolmaz. Şonuň üçin hem olaryň bu ýagşy niýetleriniň amala aşmagy häzirki günlerdäki yhlasyna, gujur-gaýratyna baglydyr. Olaryň päk zähmeti arzuwlarynyň hasyl boljakdygyna uly ynam döredýär.