Golaýda Bahreýnde ýetginjekleriň arasynda geçirilen III Aziýa oýunlaryna Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabyndaky 5-nji sport mekdebiň türgeni Saparbaý Atajanow hem gatnaşyp, şowly çykyş etdi. Ildeşimiz bu ýaryşda 94 kilogramdan ýokary agram derejesinde çykyş etmek bilen, ştangany siltäp götermekde 145, itekläp götermekde 175 kilogram agyrlyklaryň hötdesinden geldi. Itekläp götermekdäki görkezen netijesine görä Saparbaý bürünç medala mynasyp boldy.
Geljegine uly umyt bildirilýän 17 ýaşly türgeniň bu üstünligi türkmen sportunyň barha rowaçlanýandygyna, yklym we dünýä derejesinde abraýynyň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Ýeri gelende aýdylsa, Saparbaý Atajanowa on ýaşyndan bäri atasy, tejribeli tälimçi Soltan Atajanow halypalyk edip, sportuň bu görnüşiniň abyny-tabyny öwredýär. Irginsiz türgenleşikler, tälimçileriň maslahatlary öz netijesini berip ugraýar. Ol etrap, welaýat, döwlet derejesinde geçirilýän ýaryşlarda öz deň-duşlaryndan mese-mälim saýlanyp, barha taplandy. Ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda birnäçe gezek welaýatyň, Türkmenistanyň çempiony bolmagy başardy.