Yhlasyň ýerine düşende şeýle bolýan eken. Hakyt, maksadyňa erjel bolup, müşgilinden eýmenmeseň, gazananyň üstünlik, aljagyň abraýdyr alkyş bolýandygy durmuşda göre-göre gelinýär. Munuň şeýledigine ajaýyp döwrümizde özleri hakynda edilýän aladalardan ruhlanýan ýaşlaryň dürli ugurlarda kämilligiň basgançaklary bilen barha belende galyp, gazanýan üstünlikleriniň mysalynda aýdyň göz ýetirmek mümkin.
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 7-nji orta mekdebiň okuwçysy Amir Ýoldaşow hem şeýle ýaşlaryň biridir. On bäş ýaşyndaky türgen Daşoguz şäherindäki 5-nji sport mekdebinde sportuň boks görnüşi bilen türgenleşip, indi ençeme ýyllardan bäri mekdebiň açyk birinjiliklerinde, etrap hem-de welaýat derejesinde geçirilýän ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýär.
Ol öz agram derejesinde 2022-nji ýylda 2010-2011-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda boks boýunça geçirilen welaýatyň açyk birinjiliginde üçünji, 2023-nji ýylda Daşoguz şäherindäki 7-nji sport mekdebinde ýetginjek türgenleriň arasyndaky Türkmenistanyň açyk birinjiliginde ikinji orunlara mynasyp boldy. Amir 2024-nji ýylda Boldumsaz etrabyndaky 2-nji sport mekdebinde ýetginjek türgenleriň arasynda geçirilen açyk birinjilik ugrundaky ýaryşda birinji, Daşoguz şäherindäki 5-nji sport mekdebiniň açyk birinjiliginde ikinji orunlary eýeledi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen ýaryşlar hem ýaş türgene uly üstünlik getirdi. Ýylyň başynda Boldumsaz etrabynda geçirilen boks boýunça açyk birinjilikde, şeýle hem Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň açyk birinjiliginde birinji orny eýeledi.
Sport ýaşlyk joşgunyny, onuň egsilmeýän ruhy güýjüni özünde jemleýär. Ýurduň geljegi bolsa, häzirki bagtly nesillere bagly.Ýurdumyzda ýaşlaryň ählitaraplaýyn kämil şahsyýet bolup ýetişmegi, beden taýdan sagdynlygy, ruhy-ahlak tämizligi babatda irginsiz alada edilýändigi täze taryhy döwürde kemala gelýän ýaş nesliň mysalynda aýdyň şöhlelenýär.