Yhlas — üstünligiň açary
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Yhlas — üstünligiň açary

Ykdysadyýet
18.10.2024  227

Şabat etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileriniň hem häzirki wagtda bu möhüm çäräni güýçli depginde, öndürijilikli dowam etdirýändiklerini bellemek gerek.

Biz geljek ýylyň bereketli bugdaý hasylynyň berk binýadyny tutmak maksady bilen, jemi 960 gektar ýerde ekiş geçirmek meýilleşdirildi

Biz bu ýerde bolan günümiz bugdaý ekişi birleşigiň Begenç Magtymgulyýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 4-nji kärendeçiler toparynyň ekin meýdanynda, has anygy, ezber kärendeçileriň biri hökmünde agzalýan Mämmetguly Mämmetgulyýewiň gözegçiligindäki ýerde gidip duran ekeni. Şonda onuň 1,8 gektardan ybarat kärende ýerinde kuwwatly traktorlaryň ençemesi sürüm, mala basmak, tohum taşlamak işlerini ýerine ýetirýärdiler. Olara erk edýän mehanizatorlar Dädebaý Baýramkulyýewiň, Ylham Öräýewiň, Saparmyrat Berdiýewiň, Gaýgysyz Amangeldiýewiň yhlasly zähmet çekmek bilen, oňat görelde görkezýändiklerini aýtdylar.

Ýeri gelende bu kärendeçiler toparynyň çäginde 131 gektar meýdana bugdaý ekmegiň göz öňünde tutulandygyny, şu wagta çenli onuň agzalarynyň onlarçasynyň bu çäräni göwnejaý berjaý edendiklerini bellemek zerur bolup durýar. Olardan Meretgeldi Durdyýewiň, Emin Gylyçmedowyň, Maral Nurmedowanyň we beýlekileriň kärende ýerlerinde ekişiň öz wagtynda geçirilmeginiň netijesinde häzirki wagtda bugdaý maýsalary gök öwüsýär.

Daýhan birleşiginde häzirki wagtda gallaçylyk bilen meşgullanýan kärendeçi daýhanlaryň 314 sanysy bolup, olaryň köpüsiniň bu ugurda ýeterlik tejribeleri bar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Göwnejaý işleriň netijesi
29.01.2026   93
Ykdysadyýet Şaly ekişi guramaçylykly dowam edýär
07.05.2025   195
Ykdysadyýet Hususy kärhananyň batly gadamlary
13.01.2025   269
Ykdysadyýet Sanly ykdysadyýetde gazanylýan ösüşler
23.01.2023   272
Ykdysadyýet Bugdaýyň idegi ýetirilýär
14.04.2026   49
Ykdysadyýet Telekeçilik ulgamynyň rowaçlyklary
22.07.2024   297
Ykdysadyýet Asyryň taslamasy
29.10.2025   133
Ykdysadyýet Tokaý zolaklarynyň möhüm ähmiýeti
16.06.2025   196
image