Ygtybarly energiýa üpjünçiligi — abadan ýaşaýyş
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Ygtybarly energiýa üpjünçiligi — abadan ýaşaýyş

Jemgyýet
08.06.2024  393

Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň halkalaýyn energiýa ulgamynyň taslamasynyň amala aşyrylmagynyň çäklerinde Balkan — Daşoguz ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowoltlyk Daşoguz elektrik bekediniň dabaraly ulanmaga berilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy ähmiýetli wakalarynyň biri boldy.

Bu beket Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda «Ahal — Balkan» we «Balkan — Daşoguz» ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň we podstansiýalaryň gurluşygy üçin enjamlary, materiallary we awtotehnikalary satyn almak hem-de telemehanika ulgamlaryny gurnamak barada şertnamalary baglaşmak hakynda kabul eden Kararynyň esasynda guruldy. Bu howa elektrik geçirijisiniň, bekediň gurluşygyny «Daşoguzenergogurluşyk», «Lebapenergogurluşyk», «Aşgabatenergogurluşyk», «Daşoguzobagurluşyk», «Daşoguznebitgazgurluşyk» we başga-da ençeme döwlet hem-de hususy kärhanalaryň gurluşykçylary ýokary depginde alyp bardylar. Şonda Türkmenistanyň Prezidentiniň  2022-nji ýylda Daşoguz welaýatyna sapary mahalynda bu ugurda amala aşyrylýan işler bilen ýakyndan tanyşmagynyň we olara yzygiderli beren kömek-goldawlarynyň ýardamy örän uly boldy.

Milli Lider «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitabynda: «Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz ugurlary boýunça halkalaýyn energiýa ulgamynyň taslamasynyň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň bir bitewi energiýa ulgamyny döretmäge mümkinçilik berýär. Taslamanyň baş maksady elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmakdan hem-de Aşgabadyň we welaýatlaryň energiýa ulgamlaryny bitewi energetiki halka birikdirmek arkaly içerki sarp edijileri energiýa bilen üpjün etmegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr» diýip belläp geçýär. Munuň özi bu taslamanyň ähmiýetiniň örän uludygyny subut edýär.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, halkymyzyň durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagy, şonuň ýaly-da, dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan önümçilik kärhanalarynyň, hyzmat ediş nokatlarynyň sanynyň yzygiderli köpelmegi bilen ýurdumyzda, şol sanda Daşoguz welaýatynda hem  elektrik energiýasyny bökdençsiz üpjün etmek esasy wezipeleriň birine öwrülýär. Şonda ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamynyň hereket etmegi bu meseleleriň doly çözülmegine uly goşantdyr. Çünki ol halkymyzy elektrik energiýasy bilen öz wagtynda, üznüksiz üpjün etmegiň ygtybarly daýanjydyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Magtymguly — halkyň beýik danasy
22.07.2024   354
Jemgyýet Şöhraty jahana dolan Pyragy
18.12.2024   322
Jemgyýet Şanly ýylyň dabarasy
23.11.2024   327
Jemgyýet Hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
18.04.2026   41
Jemgyýet Işjeňligiň döwrebap nusgasy
07.09.2024   381
image