Ygrarlylykdan özgerişlere tarap beýik ädimler
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Ygrarlylykdan özgerişlere tarap beýik ädimler

Jemgyýet
05.08.2025  214

 BMG-niň Deňze cykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna bagyşlanyp TKA-nyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap birleşmesiniň guramagynda «Ygrarlylykdan özgerişlere tarap beýik ädimler» diýen at bilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Etrapdaky 46-njy orta mekdebiň mejlisler eýwanynda guralan bu çärä bilim işgärleri gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň barşynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda geçirilýän bu iri halkara maslahatyň diňe bir oňa gatnaşýan döwletleriň däl, eýsem, tutuş dünýäniň ykdysady ösüşi üçin bähbidiniň iňňän uludygyny, halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkidilmeginde düýpli öňegidişlikleriň gazanylmagyna ýardam berjekdigini nygtadylar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Çeper elli zenanlaryň üstünligi
09.08.2024   411
Jemgyýet Halkara olimpiadanyň ýeňijileri
05.04.2024   509
Jemgyýet Döwletli tutumlar wagyz edildi
23.10.2025   179
Jemgyýet Bagtyýarlygyň buýsanjy
07.03.2026   99
Jemgyýet Arkadagyň saglyk sahawaty
28.03.2025   373
Jemgyýet Gözel tebigatyň goragynda
08.04.2024   410
image