Ýetginjek türgeniň ýeňşi
weather dashoguz 3° C Daşoguz

Ýetginjek türgeniň ýeňşi

Sport
08.05.2024  128

Ýakynda Lebap welaýatynyň  Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebinde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň we Türkmenistanyň sport göreş federasiýasynyň bilelikde guramagynda sportuň erkin göreş görnüşi boýunça 15 ýaşa çenli kiçi ýaşly ýetginjek türgenleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.

Bu ýaryşa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden ýaş türgenler gatnaşyp, özara güýç synanyşdylar.

Ýaryşda Daşoguz welaýatynyň ýygyndy toparynyň düzüminde Akdepe etrabyndaky 7-nji sport mekdebiniň türgeni Baýly Baýramgulyýew 75 kg agram derejesinde çykyş edip, ähli garşydaşlaryndan üstün çykmagy başardy. Ol Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat haty, şeýle hem Türkmenistanyň sport göreş federasiýasynyň gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.

Baýly Baýramgulyýew bu ýaryşyň ýeňijisi bolmak bilen birlikde, Türkmenistanyň kiçi ýaşly ýetginjekler ýygyndy toparynyň düzümine hem saýlanyldy.

Meňzeş habarlar

Sport Ýaryş geçirildi
25.12.2022   93
Sport Sport saglykdyr
12.07.2024   195
Sport Paýhas oýnunda bäsleşdiler
18.11.2024   66
Sport Ýaş türgeniň üstünligi
14.02.2023   144
Sport Gyzykly geçen ýaryşlar
14.11.2024   80
Sport Woleýbol boýunça ýaryşlar
29.10.2024   64
image