Daşoguz pagta egriji fabriginde täze önümçilik işe girizildi
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň dabaralanýan ýylynda Daşoguz şäheriniň pagta egriji fabriginde nah we ýüň galyndylaryny, gamyş hem-de gowaça çöpüni gaýtadan işläp, mebel önümçiliginde, gurluşykda ulanylýan agaç we bölüji serişdeleriň ýylda 7200 tonnasyny öndürýän önümçiligiň açylmagy mynasybetli guralan dabara uly ruhubelentlige beslendi.
Döwletimiziň dokma pudagyny ösdürmek, onuň düzümini kämilleşdirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak hem-de halkyň senagat önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzy bezeýär.
Ir säher bilen baýramçylyk öwüşgininde bezelen önümçilik binasynyň dabara geçiriljek meýdançasynda il sylagly ýaşulular, mährem eneler, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, degişli edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, talyp ýaşlar ýygnandylar.
Täze önümçiligiň açylmagy mynasybetli dabarada çykyş edenler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» tapgyrlaýyn durmuşa geçirmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň we beýleki resminamalaryň hormatly Prezidentimiziň halkyň ykbalyny döwrüň ösen derejesine laýyk getirmek maksadyndaky belent tutumlarynyň biridigini aýratyn nygtadylar. Dokma önümçiliginiň galyndylaryny gaýtadan işleýän bu önümçiligiň ýola goýulmagy daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň Türkmenistanda öndürilmegine we içerki bazarlary üpjün etmäge, täze iş orunlaryny döretmäge ýardam berer.
Soňra welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, tans-döredijilik toparlarynyň şowhunly çykyşlary dabaranyň göwün galkyndyryjy pursatlaryna öwrüldi. Al-asmana uçurylan dürli reňkli şarlar bolsa halkymyzyň asuda, parahat durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrdy.
Aýdym-sazly çykyşlar tamamlanandan soňra, dabara gatnaşyjylar önümçilik binasynyň içine girdiler. Bu ýerde, ilki bilen, önümçiligiň iş aýratynlyklary barada wideorolik görkezildi. Soňra dokma senagatynda öndürilýän önümleriň sergisine syn etdiler. Bu sergini synlanyňda dokma senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň işjeň ösýän pudaklarynyň birine öwrülendigini görmek mümkin. Soňra dabara gatnaşyjylar önümçilik binasynyň içine aýlanyp, bu ýerde ýerine ýetirilýän işler, onuň mümkinçilikleri, taýýar bolan önümleriň hil aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyş boldular.
Dabara tamamlanandan soň, bu möhüm ykdysady maksatly önümçiligiň işe girizilmegi mynasybetli, Daşoguz şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralar merkezinde toý sadakasy berildi.