Ýeralmanyň bol hasyly ugrunda
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Ýeralmanyň bol hasyly ugrunda

Ykdysadyýet
14.03.2025  337

Türkmenistanyň  Prezidentiniň ýurdumyzda beýleki oba hojalyk önümleri bilen bir hatarda ýeralmanyň öndürilişini artdyrmak, bazar bolçulygyny döretmek baradaky tabşyryklarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşmak maksady bilen, Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bu ugurdaky taýýarlyk işlerini talabalaýyk guradylar. Ýeralmanyň ýazky ekişine öz wagtynda girişip, bu işiň depginini barha güýçlendirýärler. Belli bolşy ýaly, şu ýyl welaýat boýunça 8800 gektar meýdana ýeralma ekmek göz öňünde tutulyp, munuň üçin niýetlenilen ýerler, ýokary hilli tohum, ekişde ulanyljak tehnikalar doly taýýar edildi. Munuň özi ýeralmanyň ekişiniň öndürijilikli alnyp barylmagyna oňaýly şertleri döredýär.

Ýazky ýeralmanyň ekişine öňdäkileriň hatarynda girişen Şabat etrabynyň kärendeçi daýhanlary jemi 1995 gektar meýdanda ýeralma ýetişdirmegi  meýilleşdirýärler. Etrabyň «Azatlyk» daýhan birleşiginde 160, A.Biruni adyndaky daýhan birleşiginde 150 gektar meýdanda ýeralmanyň bol hasylyny kemala getirmäge gönükdirilen çäreler günsaýyn ýokary depgine eýe bolýar. Welaýatyň Akdepe, Boldumsaz, Görogly etraplarynda hem ýeralma ekişi giň gerim alýar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Bugdaýyň idegi ýetirilýär
14.04.2026   132
Ykdysadyýet Ýokary hilli gowaça tohumy
22.01.2026   197
Ykdysadyýet Ýeralma hasyly ýygnalýar
11.06.2024   373
Ykdysadyýet Zeminiň ýaraşygy
17.03.2026   188
Ykdysadyýet Sürüm işleriniň depgini ýokary
15.07.2026   101
Ykdysadyýet Gallaçylarynyň zähmet üstünligi
27.06.2026   133
Ykdysadyýet Meýdanlara görk berýän maýsalar
15.11.2025   203
Ykdysadyýet Gözel tebigatyň goragynda
27.07.2024   378
image