Ýeralmanyň bol hasyly ugrunda
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Ýeralmanyň bol hasyly ugrunda

Ykdysadyýet
13.02.2025  303

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her ýylda bolşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem Daşoguz welaýatynyň ekerançylarynyň öňünde ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmek, ýitgisiz ýygnap almak wezipesi durýar. Hormatly Prezidentimiziň şol önümleriň bolçulygyny döretmek, halkymyzyň olara bolan isleginiň doly kanagatlandyrylmagyny üpjün etmek baradaky tabşyryklarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi uly ähmiýete eýedir. Şundan ugur almak bilen, ekerançylarymyz häzirki günlerde ýeralmanyň, beýleki ekinleriň golaýlap gelýän ýazky ekişine ykjam taýýarlyk görýärler.

Akdepe etrabynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlarynyň yhlasly zähmeti bilen ýylyň-ýylyna şeýle zerur ekinleriň bol hasyly öndürilip gelinýär. Şoňa görä-de, bu ýerde kemala getirilen ýeralma, pomidor, kelem, käşir ýaly önümler diňe bir welaýatda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda hem uly islegden peýdalanýar.

Şu ýylyň ir baharynda birleşik boýunça 272 gektar meýdana ýeralma ekmek göz öňünde tutulyp, bu çäräniň talabalaýyk amala aşyrylmagy üçin derwaýys çäreler ýokary hilli berjaý edilýär. Elbetde, munuň şeýledigini birleşigiň çägine gadam basan pursadyňdan anyk bilmek mümkin. Çünki onuň ekin meýdanlaryny aralap geçýän uly ýoluň iki tarapynda özlerine berkidilen meýdanlarda haýsydyr bir iş bilen meşgul bolup ýören kärendeçi daýhanlaryň köplügi ünsi çekýär. Gyş gününiň ertiri bilen olaryň kimsi öz ýerine suw tutýar, beýlekisi dökün berýär, atyzyna çäge düşäp ýörenler hem bar. Bularyň ählisiniň topragyň ganyk, gurply hem-de ýumşak bolmagy üçin edilýändigi belli. Sebäbi ýeralmanyň şeýle ýerleri halaýandygyny köpler bilýändir.

Şu ýyl daýhan birleşigi boýunça kärendeçi daýhanlaryň 160-dan gowragy ýeralma ýetişdirmek barada şertnama baglaşypdyr. Olaryň ählisiniň diýen ýaly bu ugurda ýeterlik tejribesi bar. Şonuň netijesinde hem olar geçen ýyl ýeralmadan ýokary hasyl alypdyrlar. Bu ýyl bolsa olaryň has-da belent maksatlary bar.

Birleşigiň Kahraman Mätýakubow, Şakasym Egembergenow, Mäşerip Hudikow dagynyň ýolbaşçylygyndaky kärendeçiler toparlarynyň agzalarynyň ýeralma ekişine taýýarlyk görmekde has-da tapawutlanýandyklaryny aýtmak bolar. Şeýlelikde, olaryň köpüsi öz kärende meýdanlaryny şu mahala çenli birkemsiz taýýar edipdirler.

 Ýeralma ýetişdirmek köp zähmeti talap edýär. Ýöne wagtynda ekip, idegini ýetirseň, onuň berekedi artyk bolýar. Onsoň ýokary hasyl alyp, bellenilen meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirmäge-de, öz halal zähmetiň bilen oňat girdeji gazanyp, onuň hözirini görmäge-de mümkinçilik bar.

Görnüşi ýaly, daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlary şu ýyl ýeralmanyň bol hasylyny kemala getirjekdiklerine berk ynanýarlar. Şol ynam bolsa, aýdylyşy ýaly, üstünligiň gözbaşy bolup durýar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Ideg işleri ýokary hil derejesinde
21.07.2026   91
Ykdysadyýet Gök ekinleriň idegi ýetirilýär
05.06.2024   417
Ykdysadyýet Ýörite tehnikalaryň täze tapgyry
15.01.2026   165
Ykdysadyýet Aýgytly günlerdäki yhlasly zähmet
11.06.2026   138
Ykdysadyýet Ekerançylaryň yhlasly zähmeti
09.03.2026   107
Ykdysadyýet Hususy kärhananyň döwrebap işleri
29.05.2025   258
Ykdysadyýet Bal bolçulygy ugrunda
28.07.2026   85
image