Ýeralmanyň bol hasyly
weather dashoguz 35° C Daşoguz

Ýeralmanyň bol hasyly

Ykdysadyýet
16.07.2026  56

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda bugdaý, pagta bilen bir hatarda, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny öndürip, halkymyzyň olar bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak barada öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine Daşoguz welaýatynyň ekerançy daýhanlary hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şeýlelikde, olar her ýyl ene toprakdan bu önümleriň müňlerçe tonnasyny ýygnap, halkymyzyň mukaddes saçaklarynyň berekediniň artmagyna ýakyndan ýardam berýärler.

Bu babatda gürrüň edilende, welaýatyň Garaşsyzlyk etrabynyň ekerançylarynyň möhüm işleri amala aşyryp, gazanýan guwandyryjy netijeleri barada aýtmak örän ýerliklidir. Çünki olar bu önümleri öndürmekde köp ýyllardan bäri has tapawutlanyp gelýärler. Häzirki dowam edýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bolsa etrabyň ekerançylarynyň iş depgininiň ýene-de ýokary göterilendigini görmek mümkin.

Mälim bolşy ýaly, etrabyň daýhanlary şu ýylda 2995 gektar meýdana ýeralma ekip, ondan 41930 tonna hasyl almak maksady bilen, öndürijilikli iş alyp bardylar. Şonuň netijesinde olar şol meýdanlarda ýeralmanyň bereketli hasylyny kemala getirip, şu günlerde ony ýitgisiz ýygnamaklyga gönükdirilen çäreleri agzybirlikli dowam etdirýärler. Etrapda bu önümi ýetişdirmekde daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň, hususy önüm öndürijileriň köp sanlysy iş alyp barýar. Etrabyň N.Andalyp adyndaky geňeşliginiň çäginde hem olaryň ençemesi bar. Olaryň hatarynda bu ýerdäki adybir daýhan birleşigini, «Zehin açary» daýhan hojalygyny, ekin meýdanlaryny uzak möhletleýin peýdalanmaga alan hususy önüm öndürijileriň birnäçesini görkezmek mümkin.

Geňeşligiň çäginde hereket edýän «Zehin açary» daýhan hojalygy hem ýeralma ýetişdirmek babatda ençeme ýyllardan bäri düýpli öňegidişlikleri gazanyp gelýär. Daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy, tejribeli telekeçi-daýhan Bibijan Hallyýewanyň aýtmagyna görä, şu ýyl bu ýerde 630 gektara golaý ýerde ýeralma hasylyny kemala getirmek boýunça iş geçirilipdir. Şonda her bir çäräniň bellenilen möhletlerde amala aşyrylmagy öz miwesini beripdir. Häzirki döwürde bolsa daýhan hojalygynyň agzalary ýetişdirilen hasyly ýygnamak bilen meşgullanýarlar.

Bu geňeşligiň çäginde ýeri hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 99 ýyllyk möhlet bilen peýdalanmaga alyp, onda ýeralma ýetişdirmek bilen meşgul bolýan daýhanlaryň hem ençemesi iş alyp barýar. Bu babatda başarjaň daýhan Şirmuhammet Mätýakubow şu ýyl 1,5 gektar meýdana ýeralma ekip, onuň oňat gögerişini gazanandygyny aýdýar. Ideg çärelerini-de öz wagtynda girişip, onuň yhlasly çeken zähmeti öz ýokary netijesini berdi. Onuň bu sözlerini häzirki wagtda tejribeli daýhanyň ýeralma meýdanynda hasyl ýygymynyň barşy hem tassyklaýar. Çünki onuň bir gyrasynda ýygnalyp goýlan ýeralma harmanynyň möçberi esli bar.

Ýeralmaçy daýhanlaryň aýtmaklaryna görä, olaryň ýygnan hasylyny bellenilen ýerlere bökdençsiz ugratmak barada hem ýeterlik alada edilýär. Şeýlelikde, olar döwlet ammarhanalarynda, ak bazarlarda öz wagtynda ýerleşdirilýär, hasylyň esasy bölegi bolsa daýhan hojalygynyň, şonuň ýaly-da telekeçileriň sowadyjylarynda goýulýar. Bu bolsa ýeralmanyň ýylyň ähli döwürlerinde ilata hödürlenilmegine, onuň ygtybarly ätiýaçlygynyň üpjün edilmegine şert döredýär. Jemlenilip aýdylanda, bu ýerde zähmet çekýän ýeralmaçy daýhanlaryň yhlasy bilen ýeralma bolçulygyna uly goşant goşulýar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Yhlasly zähmet — üstünligiň gözbaşy
28.07.2026   46
Ykdysadyýet Gowaça ekişi gyzgalaňly barýar
16.04.2024   346
Ykdysadyýet Ekinlere ideg edilýär
28.11.2025   146
Ykdysadyýet Söwüt agajy
05.02.2025   1001
Ykdysadyýet Gowaça ekişi — jogapkärli wezipe
11.03.2025   273
Ykdysadyýet Tohumyň müňlesin, daýhan!
05.09.2024   304
Ykdysadyýet Bol hasylyň binýady
09.10.2024   315
image