Ýeralmanyň bol hasyly
weather dashoguz 35° C Daşoguz

Ýeralmanyň bol hasyly

Ykdysadyýet
01.07.2025  264

Ýeralma soňky ýyllarda ýurdumyzyň, şol hatarda Daşoguz  welaýatynyň çäklerinde has köp öndürilýän oba hojalyk önümleriniň birine öwrülýär. Bu onuň bazar bolçulygyny döretmek, halkymyzyň bu önüme bolan islegini doly kanagatlandyrmak babatda hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Şeýlelikde, berilýän goldawlaryň netijesinde ýeralmanyň ekilýän meýdanlary has giňeldildi, ýygnalýan hasylynyň mukdary artdyryldy.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da welaýatda jemi 8800 gektar meýdanda ýeralmanyň bereketli hasylyny ýetişdirmek meýilleşdirilip, bu babatdaky işlere öz wagtynda girişildi. Munuň özi onuň ekişiniň, ideginiň talabalaýyk amala aşyrylmagyna, ekinleriň kadaly ösmegine, hasyl toplamagyna ýol açdy. Häzirki wagtda şol ýerlerde ýadawsyz zähmet çeken ekerançy daýhanlaryň yhlasynyň ýerine düşendigi aýdyň görünýär.

Mälim bolşy ýaly, welaýatyň Akdepe etraby ýeralmanyň has köp ýetişdirilýän ýerleriniň biri bolup durýar. Berlen maglumatlara görä, şu ýyl etrap boýunça 3340 gektar meýdana ýeralma ekip, ondan 48160 tonna ýokary hilli hasyl öndürmek barada meýilnama kabul edilip, bu işi daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň ençemesinde berjaý etmek bellenildi. Olaryň hatarynda «Şabat» daýhan birleşiginde 450, N.Andalyp adyndaky daýhan birleşiginde 272, «Ak altyn» daýhan birleşiginde 245, daýhan hojalyklarynda jemi 968, şol sanda «Zehin açary» daýhan hojalygynda 626 gektar meýdanda ýeralmanyň ekişi geçirilip, onuň kadaly gögerişi gazanylypdyr hem-de ekinleriň ideg çäreleri göwnejaý ýola goýlupdyr. Şonuň netijesinde etrabyň hojalyklarynda ýeralmanyň bereketli hasyly kemala getirilipdir.

Şunlukda, etrabyň ekerançylary häzirki wagtda ýeralmanyň ýygymyna girişip, bu möhüm çäräniň depginini barha güýçlendirýärler. Olaryň köpüsiniň bu babatda ýeterlik tejribesiniň bardygy, bu işe öňünden hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmekleri işiň öndürijilikli alnyp barylmagyna ýardam berýär. Bu bolsa atyzlardaky bereketli hasylyň çalt hem-de ýitgisiz ýygnalyp alynjakdygynyň nyşany bolup durýar.

Etrabyň «Şabat» daýhan birleşiginde-de ýeralma ýygymyna öňdäkileriň hatarynda girişilendigini aýtmak gerek. Häzirki döwürde bu hojalykda ol ýokary depginde dowam edýär. Daýhan birleşiginiň daýhanlarynyň köpüsi göwnejaý hasyl ýetişdiripdirler. Muny Jorabek Hudaýbergenow, Timur Tahirow ýaly kärendeçileriň meýdanlarynda anyk görüp bolýar. Şu we beýleki kärendeçileriň hasyl ýygymyna başlamak bilen, möwsümiň ahyryna çenli ýokary netijelere garaşýandyklaryny-da bellemek bolar. Nygtap geçişimiz ýaly, ýeralma ýygymy hem diňe bir ony ýetişdirýän daýhanlar däl, eýsem, ähli adamlar üçin hem aýratyn gyzgalaňly, ýakymly döwür bolýar. Çünki ol hemmeleriň saçagynyň berekedi, bazarlardaky bolçulyk bilen berk bagly. Şoňa görä-de, welaýatymyzyň bu ugurda zähmet çekýän daýhanlarynyň amala aşyrýan işleri aýratyn guwandyrýar.

 

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Adamzat mirasyna öwrülen gözellikler
20.11.2024   317
Ykdysadyýet Gurluşyk önümleri öndürilýär
28.08.2024   364
Ykdysadyýet Meýdanlara görk berýän maýsalar
15.11.2025   171
Ykdysadyýet Ýuwuş suwy tutulýar
30.01.2025   316
Ykdysadyýet Miweli baglaryň bagbany
06.08.2026   33
Ykdysadyýet Ekerançylaryň yhlasly zähmeti
18.04.2024   348
Ykdysadyýet Suw bolçulygyna goşant
29.08.2024   320
image