Ýeralma hasyly ýygnalýar
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Ýeralma hasyly ýygnalýar

Ykdysadyýet
11.06.2024  316

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň öz topragymyzda öndürilen ýeralma, şeýle hem gök önümler bilen bolelin üpjün edilmegi barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine saldamy goşant goşmagy maksat edinen welaýatyň ekerançylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gaýratly zähmet çekýärler. Şeýlelikde, ekerançy daýhanlar şu ýylda ýeralma ekilen 8800 gektar meýdanda ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak ugrundaky işlere öz wagtynda girişip, häzirki günlerde olary öndürijilikli dowam etdirýärler.

Bu babatda Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň ekerançylarynyň has-da tapawutlanýandyklaryny bellemek bolýar. Ýagny olar özleri üçin döredilen şertlerden ýerlikli peýdalanmak bilen, şu ýyl 1995 gektar meýdanda ýeralmanyň bol hasylyny ýetişdirdiler hem-de ony ýygnamaklyga öňdäkileriň hatarynda ähli gujur-gaýratlaryny gönükdirdiler. Şeýlelikde, şu wagta  çenli etrabyň «Nowbahar» daýhan birleşiginde 1 müň, «Dostluk» daýhan birleşiginde 600, «Azatlyk» daýhan birleşiginde 500 tonnadan gowrak ýeralma ýygnalyp, döwlet harmanyna tabşyryldy. Ýetişdirilen ýeralmany öz wagtynda ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmak babatyndaky işler Görogly, Boldumsaz we beýleki etraplarda hem günsaýyn ýokary depginlere eýe bolýar. Munuň özi halkymyzyň bu önüme bolan isleginiň doly kanagatlandyrylmagyna önjeýli ýardam berer.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet «Ak altynda» hümmet bar
31.10.2024   253
Ykdysadyýet Ýeralmanyň bol hasyly
16.07.2026   20
Ykdysadyýet Sogan ekilýär
13.03.2025   288
Ykdysadyýet Gallaçylar bilen hasaplaşyklar geçirilýär
11.07.2025   279
Ykdysadyýet Pileçileriň zähmet üstünligi
14.06.2025   215
Ykdysadyýet Giň meýdanlardaky joşgunly zähmet
20.06.2024   293
Ykdysadyýet Bol hasylyň binýady
09.10.2024   299
Ykdysadyýet Aýgytly günlerdäki aladalar
23.08.2025   236
image