Ýeňişli menziller «Galkanda»
weather dashoguz 24° C Daşoguz

Ýeňişli menziller «Galkanda»

Sport
22.04.2024  318

Ýurdumyzyň sport abraýynyň artdyrylmagy babatynda durmuşa geçirilýän işler täze taryhy eýýamda has-da rowaçlanýar. Paýtagtymyzda aprel aýynyň 15 — 20-si aralygynda hokkeý boýunça halkara ýaryş üstünlikli geçirildi. 10 ýurtdan belli hokkeý toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu ýaryş dost-doganlygyň, agzybirligiň hem-de parahatçylygyň dabaralanmasyna öwrüldi. Ýaryşda ýurdumyzyň «Galkan» hokkeý toparynyň gazanan ýeňşi ähli ildeşlerimiziň toý şatlygyny belende göterdi. Bu şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň  Prezidentiniň degişli Permanyna laýyklykda, ussat türgenleriň uly toparyna Türkmenistanyň hormatly atlarynyň dakylmagy olaryň ýeňşine berlen ýokary bahadyr. Hokkeý boýunça halkara ýaryşyň döwrebap Gyşky oýunlar sport toplumynda ýokary derejede geçirilmegi Garaşsyz Watanymyzyň dürli iri sport bäsleşikleri bilen birlikde, sportuň gyşky görnüşleri boýunça halkara ýaryşlary geçirmäge hem ukyply döwletdigini dünýä ýüzüne ýene-de bir gezek äşgär etdi.

Meňzeş habarlar

image