Düýn Mary atçylyk sport toplumynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi. Dabara welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň ýolbaşçy düzümleri, halk maslahatlarynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýaşuly nesliň wekilleri, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen halypa we ýaş atşynaslar, bagtyýar ýaşaýjylar, talyplar uly ruhubelentlikde gatnaşdylar.
Mary welaýat häkimliginiň guramagynda geçirilen toý tutumly çärä gatnaşanlar, bedew janköýerleri medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazlary bilen garşy alnyp, olara duz-çörek hödür edildi. Türkmen toýlarynyň bezegi bolan bagşylar behişdi bedewlerimizi belentden wasp etdiler. Bu ýerde dürli görnüşli at esbaplarynyň, bezeg şaý-sepleriniň, amaly-haşam sungatynyň önümleriniň, heýkeltaraşlaryň, suratkeşleriň ahalteke bedewlerimize bagyşlap döreden eserleriniň hem-de çeper elli zenanlaryň nepislik bilen taýýarlan milli egin-eşikleriniň, haly we haly önümleriniň, gülli keçeleriň sergisi-de giňden ýaýbaňlandyryldy.
Möwsümiň ilkinji at çapyşyklaryna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden getirilen üçýaşar we ondan uly bedewleriň 100-den gowragy gatnaşdyrylyp, olar 1200-den 2200 metre çenli dürli aralyklarda güýç synanyşdylar. Bedew janköýerleriniň goldamagynda, şatlyk-şowhuna beslenen jemi dokuz çapyşygyň her biri dartgynly, çekeleşikli ýagdaýda geçdi.
Üçýaşar atlaryň 1200 metr aralyga geçirilen 1-nji çapyşygyna jemi 7 bedew gatnaşdyrylyp, onda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Akdaşaýak ýaşaýyş toplumyna degişli Garaýel atly gara gysrak ýeňiji boldy. D.Berdimuhammedowyň çapan aty bellenilen aralygy 1 minut 21,1 sekuntda geçmegi başardy.
2-nji çapyşyga üçýaşar atlaryň 8-si goşulyp, 1200 metr aralyga guralan ýaryşda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň “Börme” daýhan birleşiginden N.Babalyýewiň seýislän Ekizdag atly mele aty 1 minut 19,3 sekunt netije bilen pellehana birinji geldi. 3-nji çapyşykda 11 sany ýüwrük atyň arasyndan Şaperi atly bedew eýesine abraý getirdi. Çapyksuwary D.Begmedow bolan bu at bellenilen aralygy 1 minut 19,3 sekuntda geçdi. 4-nji çapyşykda birinji bolup gelmek Ýelsona atly dor gysraga miýesser etdi. “Türkmenaragatnaşyk” agentligine degişli bu ata K.Polaýew çapyksuwarlyk etdi we bellenilen aralygy 1 minut 17,9 sekuntda geçdi. 5-nji çapyşyga jemi 7 at goşulyp, onda Mary döwlet athanasynyň Dordepel atly dor atyna taý tapylmady. T.Annaçaryýewiň çapan bu aty bellenilen aralygy 2 minut 49,4 sekuntda geçmegi başardy. 6-njy çapyşykda 11 bedewden Daragt atly at bellenilen aralygy 2 minut 35,6 sekuntda geçip, beýlekilerden saýlandy we eýesi O.Kemalowa ýeňiş getirdi. T.Tülegenowyň Dagýaly atly dor aty 7-nji çapyşykda 11 bedewiň arasynda 2 minut 31 sekunt netije bilen öňdeligi eýeledi. 8-nji çapyşykda hem şonça at ula goýberildi. Has gyzykly hem çekeleşikli geçen bu çapyşykda A.Ataýewiň Sazanda atly ýüwrük aty 2200 metr aralygy 2 minut 37,8 sekuntda geçip, baýrakly birinji orna mynasyp boldy. Jemleýji, 9-njy çapyşykda 10 sany ahalteke bedewi ýaryşa goşuldy. Bu gezek Mary atçylyk sport toplumyna degişli Ýantar atly dor at öňe saýlandy we bellenilen aralygy 2 minut 34,6 sekuntda geçip, ýeňiji boldy.