Ýazdaky hereket — güýzdäki bereket
weather dashoguz 12° C Daşoguz

Ýazdaky hereket — güýzdäki bereket

Ykdysadyýet
28.03.2024  116

Daşoguz welaýatynda gowaça ekişine badalga berildi

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabyndaky Aşyk Aýdyň piriň adyny göterýän daýhan birleşiginiň ekin meýdanynda hormatly ýaşulularymyzyň «Bismillasy» bilen gowaça ekişine girişildi.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda pagtaçylyk milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda pudagyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, pagtany gaýtadan işlemek ýaly ugurlarda sanly tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu bolsa pudagyň depginli ösüşini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Jogapkärli möwsüme badalga bermek dabarasynyň öň ýanynda Daşoguz welaýatynyň welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler  ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalar, kärendeçileriň tohum bilen üpjünçiligi we beýleki guramaçylyk işleri boýunça ýerine ýetirilmeli çäreler hakynda durup geçdiler. Bellenilişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Daşoguz welaýaty boýunça 140 müň gektara gowaça ekilip, ondan 275 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Ekişde gowaça tohumynyň welaýatyň toprak-howa şertlerine gabat gelýän, köp hasyl berýän «Jeýhun», «S-2606», «Daşoguz — 120», «Daşoguz — 114», «Gubadag — 3», «149-F» ýaly görnüşleri ekiler.

Soňra il sylagly ýaşulular, oba hojalyk işgärleri Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýerleşdirilen gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Bu ýerde olara geçmişde ata-babalarymyzyň döreden ekerançylyk däpleri hakynda täsirli gürrüň berildi.

Şeýle hem Türkmen oba hojalyk institutynda gowaça ekişine bagyşlanan tejribe okuw sapagy geçirildi. Oba hojalyk ugrundan bilim alýan ýaşlara gowaça ekişini geçirmegiň ylmy ähmiýeti hakynda gyzykly maglumatlar berildi.

Jogapkärli möwsüme badalga bermek dabarasyna gatnaşyjylar soňra Ruhubelent etrabynyň Aşyk Aýdyň daýhan birleşiginiň ekin meýdanyna geldiler. Gowaça ekişine başlanjak ekin meýdanynyň töwereginde dikilen ak öýler, oba hojalyk we dokma senagatynyň ösüş depginlerini görkezýän sergiler köpleriň ünsüni özünde jemledi. Döwrebap tehnikalaryň görkana hatary pudagyň tehniki üpjünçiliginiň ýylsaýyn berkidilýändigini görkezýär. Ýeri gelende bellesek, soňky ýyllarda sanly ulgam esasynda dolandyrylýan gowaça ekijileriň birnäçesi satyn alyndy. Döwrebap gowaça ekijileriň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýändigini hem bellemek gerek.

Dabaranyň geçirilýän ýeri türkmen obasynyň keşbinde bezelipdir. Çarwa durmuşy, milli öý-ojak mukaddesligi döwrebap derejede görkezilýär.

Soňra bu ýerde hormatly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen gowaça ekişine girişildi. Ata Watanymyzyň rowaçlygy, Türkmenistanyň  Prezidentimiziň beýik işleriniň üstünliklere beslenmegi hem-de daýhanlarymyzyň tohumlarynyň müňlemegi dileg edilip, topraga ilkinji gowaça tohumlary sepildi. Alkyşly sözler, mähirli gutlaglar bilen birek-biregi gutlap, bu asylly işlere uly ruhubelentlik bilen badalga berildi.

Bu ýerde welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Soňra gowaça ekişiniň ugruna bolmagy dileg edilip, agzaçar sadakasy berildi.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Ata kesbine eýeren bagban
15.10.2024   95
Ykdysadyýet Gowaçalara ösüş suwy tutulýar
15.07.2024   119
Ykdysadyýet Sürüm işleri ýokary depginde
28.11.2024   86
Ykdysadyýet Bugdaý ekişi ýokary depginde
23.09.2024   86
Ykdysadyýet Gowaça ekişi gyzgalaňly barýar
16.04.2024   130
Ykdysadyýet Sürüm işleri geçirilýär
11.07.2024   136
Ykdysadyýet Tohumyň müňlesin, daýhan!
05.09.2024   91
image