Ýaz nygmaty
weather dashoguz 24° C Daşoguz

Ýaz nygmaty

Jemgyýet
01.04.2024  384

Ýaz nygmaty bolan kömelek gök gürläp, ýyldyrym çakyp ýagan ýagyşdan soň gögerýär. Kömelek gözlemegiň, tapyp almagyň hem özboluşly düzgüni barada ene-atalarymyzyň beren maslahatyny biz bu gün öz çagalarymyza gaýtalaýarys.

Kömelegiň köp bolýan ýerine «kömelekhana» diýilýär. Kömelekhanadaky uzynja, akja sapaklar ýüzlerçe ýyl ýaşap bilýär. Şol akja köklerden hem kömelek emele gelýär. Kömelegi tapanyňda ony düýbüniň gumy bilen goparmaly däldigini, aýratyn hem, güberilip duran ýeri çöpjagaz bilen dyrmalaşdyryp kömelek alnanda, ony köki ýerde galar ýaly edip almalydygyny tabşyrýardylar. Ýene bir bilmeli zat, kömelek alan ýeriňdäki emele gelen çukurjygy gum bilen gömmeli. Ýogsam, kömelegiň kökleriniň gurap, ýeliň ugruna uçup gitmegi mümkin.

Kömelegiň ösmegi üçin Gün şöhlesi derkar däl. Onuň üçin ygal hem-de howanyň maýyllygy zerur. Şu şertler ýeterlik bolanda, kömelek gijelerine-de ösüp, kemala gelip bilýär.

Kömelek tapan adam derrew «Höwür-höwür, kömelek! Höwrüň mende kömelek! Maňa tapyl, kömelek!» diýip, töweregine aýlanyp, ýene gözlemäge başlaýar. Yzy bilen onuň: «Ýene tapdym! Höwür-höwür!» diýen begençli sesleri eşidilýär.

«Höwür, höwür!» diýlip tapylan ak kömelegiň höwrüniň gözlenilmegi örän dogrudyr. Sebäbi ak kömelek ýeke bolmaýar. Özi hem olaryň arasy biri-birinden daşam däldir. Kömelekleriň göze-de ilmeýän kökleri ýeriň astynda birleşýärler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Baýramçylyk şatlygy
31.12.2024   289
Jemgyýet Watanyň daýanjy
03.06.2024   380
Jemgyýet Ylmyň gadymy mekany
12.06.2025   213
Jemgyýet Dili senaly goja
26.08.2024   416
Jemgyýet Baş baýramyň şanyna
09.09.2025   165
Jemgyýet Düzgünler berjaý edilmelidir
04.09.2024   367
Jemgyýet Saglygym- baş baýlygym
03.03.2026   74
image