Ýaşyl öwüsýän meýdanlar
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Ýaşyl öwüsýän meýdanlar

Ykdysadyýet
12.11.2024  230

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýz paslynyň amatly günlerinde gaýratly zähmet çekip, ene topraga bugdaý tohumyny taşlan kärendeçi daýhanlaryň ekin meýdanlary häzirki döwürde ýaşyl öwüsýän maýsalary bilen hemmeleriň ünsüni çekýär. Olarda geljek ýylyň bereketli hasylynyň alamatlaryny, berk binýadyny görýän gallaçylar öz iş depginlerini gowşatman, ideg çärelerine girişýärler.

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň «Ýagtylyk» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri hem şu ýylyň bugdaý ekişi möwsümini öndürijilikli, guramaçylykly alyp bardylar. Şonuň netijesinde hem olar 930 gektar meýdanda bu işi talabalaýyk berjaý edip, bellenilen meýilnamany öz wagtynda ýerine ýetirdiler. Munuň özi birleşigiň gallaçylarynyň tutanýerli zähmetiniň beren guwandyryjy miwesi boldy.

Bugdaý ekişine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmegi, ýagny meýdanlarda sürüm, tekizleme, suw tutmak ýaly çäreleriň öz möhletlerinde hem-de ýokary hilli amala aşyrylmagy bu möhüm çäräniň depginini turuwbaşdan güýçlendirmäge şert döredipdir. Şunlukda, ekiş öndürijilikli dowam etdirilip, onuň göz öňünde tutulan möhletde tamamlanylmagy üpjün edilipdir. Bu babatda etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň, şonuň ýaly-da daýhan birleşiginiň mehanizatorlarynyň aýratyn yhlaslylyk görkezendiklerini nygtamak gerek.

Ýurdumyzda  kuwwatly traktorlaryň, olaryň ekiş gurallarynyň yzygiderli satyn alnyp, degişli kärhanalara gelip gowuşmagy derwaýys çäreleriň öz wagtynda amala aşyrylmagyna ýakyndan goldaw berýär.

Birleşikde ene toprakdan bol hasyl almagy başarýan, tejribeli kärendeçileriň köp sanlysy zähmet çekýär. Olardan Bagtgeldi Sähetgeldiýew, Nurberdi Amanow, Hojamyrat Gummanow, Agagül Annamyradowa, Ýazgeldi Saryjaýew dagyny görkezmek bolar. Şeýle zähmetsöýer kärendeçiler geçen orak möwsüminde Watan harmanyna galla tabşyrmakda uly üstünliklere eýe boluşlary ýaly, şu bugdaý ekişi möwsüminde hem öz kärende ýerlerinde irki möhletlerde topraga tohum taşlap, birkemsiz gögeriş gazandylar. Şu günlerde bolsa olar öňdebaryjylaryň hatarynda bugdaý maýsalaryna ideg etmeklige girişdiler. Şeýlelikde, gallaçy kärendeçiler olary ýerli hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmeklige düýpli ähmiýet berýärler. Çünki bu çäräniň bugdaý düýpleriniň berk özüni almagyna, berdaşlanmagyna ýardam berýändigini olar iş tejribelerinden oňat bilýärler.

Ýeri gelende daýhan birleşiginiň ezber mehanizatorlaryndan Amandurdy Amanmädowyň, Arazmyrat Ilamanowyň, Allanur Saryýewiň we beýlekileriň gallaçy kärendeçilere ýakyndan ýardam berýändiklerini hem aýtmak zerurdyr. Çünki olar özlerine ynanylan işleri göwnejaý ýerine ýetirip, köpleriň alkyşyna mynasyp bolýarlar. Şeýlelikde, daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri, mehanizatorlary geljek ýylyň bol hasylynyň binýadyny tutmakda agzybirlik bilen zähmet çekýärler. Bu bolsa belent sepgitlere ýetirilmeginiň esasy şertidir.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Jogapkärli möwsüme taýýarlyk görülýär
19.04.2024   312
Ykdysadyýet Ykdysadyýetiň ösüşine goşant
19.11.2024   229
Ykdysadyýet Şaly oragy ýokary depginde
07.11.2024   280
Ykdysadyýet Pileçileriň zähmet üstünligi
14.06.2025   169
Ykdysadyýet Bank hyzmatlary döwrebaplaşdyrylýar
17.07.2024   380
Ykdysadyýet Ýeralma hasyly ýygnalýar
11.06.2024   275
Ykdysadyýet Gurluşyk önümleri öndürilýär
28.08.2024   297
Ykdysadyýet Bereketli hasyl ugrunda
04.05.2026   33
image