Ýaşyl meýdanlar — bol hasyldan nyşan
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Ýaşyl meýdanlar — bol hasyldan nyşan

Ykdysadyýet
25.04.2024  361

Daşoguz welaýatynyň gallaçy daýhanlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 145 müň gektar meýdanda ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirmek ugrundaky işleri ýokary depginde amala aşyrýarlar. Şonuň netijesinde, şu günlerde idegi ýetirilýän bugdaý düýpleri günsaýyn boý alyp, atyz-meýdanlara bezeg berýär.

Belli bolşy ýaly, Boldumsaz etrabynyň «Abadanlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçileri hem şu ýyl 695 gektar meýdanda bu ugurda iş alyp barýarlar. Şeýlelikde, birleşik boýunça gallaçylykda zähmet çekýän 313 kärendeçiniň haýsy birine berkidilen meýdanda ýaşyl öwsüp, köpüň ünsüni çekip oturan bugdaý düýplerini synlasaň hem edilýän yhlasyň ýerine düşýändigini görmek bolýar.

Bu meýdanlarda bugdaý ekişi geçen ýylyň güýzüniň iň amatly günlerinde, ýokary taýýarlykly, ähli derwaýys şertleriň üpjün edilen ýagdaýynda geçirildi. Şoňa görä-de, olarda gögeriş hem, ýaş maýsalaryň gyşdan öňki ösüşi-de talabalaýyk ýagdaýda. Geçen wagtyň dowamynda bugdaý ýerli hem-de mineral dökünler bilen birnäçe gezek iýmitlendirilip, olara ösüş suwy berildi. Bu çäreleri öz wagtynda, ýokary hilli berjaý etmekde gallaçy kärendeçileriň aglabasy örän oňat görelde görkezdiler.

Daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri häzirki günleriň her bir pursadyndan ýerlikli peýdalanyp, bugdaýyň idegini ýetirýärler. Bu bolsa olaryň şu ýyl hem öz üstünlikleri bilen guwandyrjakdyklarynyň nyşanydyr.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Ykdysadyýetiň ösüşine goşant
19.11.2024   529
Ykdysadyýet Gowaçalar kadaly boý alýar
26.06.2026   120
Ykdysadyýet Sürüm işleri ýokary depginde
28.11.2024   339
Ykdysadyýet Hasyla hasyl goşulýar
19.08.2026   53
Ykdysadyýet Ajaýyp döwrümiziň rowaç menzilleriB
10.05.2026   142
Ykdysadyýet Belent maksada eýerip
13.06.2025   237
Ykdysadyýet Belent sepgitleriň gözbaşy
12.03.2025   308
image