Ýaşlaryň döredijilik gözlegleri
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Ýaşlaryň döredijilik gözlegleri

Jemgyýet
28.10.2024  356

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde «Ýaşlyk» diwar gazetiniň döredilmegi talyp ýaşlarda döredijilige bolan uly gyzyklanmany döretdi. Diwar gazeti halypa ýazyjy Beki  Seýtäkowyň ýazan ilkinji eseriniň adynyň hormatyna «Ýaşlyk» diýlip atlandyryldy. Bu diwar gazetini taýýarlamak bilen, talyp ýaşlaryň döredijilige bolan gyzyklanmalaryny artdyrmagy, bilimlerini çuňlaşdyrmagy, ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak maksat edinildi.

Diwar gazeti her aýda bir gezek neşir edilmek bilen, dört sahypadan ybarat bolup, syýasy, medeni, edebi bölümlere bölünýär. Diwar gazetiniň syýasy bölüminde ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolýan wakalar barada makalalar, habarlar, täzelikler ýerleşdirilýär. Medeni bölümde mugallymçylyk mekdebinde geçirilýän dürli medeni-köpçülik, wagyz-nesihat çäreleri, döredijilik duşuşyklary, usuly birleşmeleriň hepdeliklerine degişli çykyşlara, açyk sapaklar barada ýazylan makalalara orun berilýär. Gazetiň edebi bölüminde mugallymlar we talyp ýaşlar özleriniň döreden goşgulary, hekaýalary, oýlanmalary bilen yzygiderli çykyş edip bilerler. Bulardan daşary, gazetiň her sanynda talyp ýaşlaryň arasynda dürli bäsleşikler yglan edilýär.

«Ýaşlyk» diwar gazeti talyp ýaşlaryň arasynda zehinlilerini ýüze çykarmakda, olaryň bilimlerini artdyrmakda, dünýägaraýşyny giňeltmekde uly ähmiýete eýedir.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet «Täze güni» buşlaýan sene
21.03.2024   457
Jemgyýet Adamzadyň parahatçylyk ýörelgesi
01.03.2025   376
Jemgyýet Bäsleşigiň şäher tapgyry
31.10.2024   451
Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlandy
29.04.2026   106
Jemgyýet 6-njy oktýabr — Hatyra güni
05.10.2024   566
Jemgyýet Abadançylygyň kepili
20.09.2025   225
image