Ýaşlara raýatlyk pasporty gowşuryldy
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Ýaşlara raýatlyk pasporty gowşuryldy

Jemgyýet
14.05.2026  48

Aýratyn üns-alada bilen gurşalyp, bagtyýar döwürde bilim alýan ýaşlar özleri hakynda edilýän aladalara mynasyp jogap bermäge çalyşýarlar. Kämil jemgyýeti kemala getirmegiň esasy görkezijisi bolup durýan şeýle sazlaşyk döwletimiziň ösüşleriniň bedew badyna eýe bolmagyna esas döredýär.

Munuň şeýledigi olaryň kämillik ýaşyna ýetmegi bilen, degişli kanunçylyga laýyklykda, raýatlyk pasportynyň gowşurylmagynda hem çuňňur beýanyny tapýar. Häzirki günlerde ýurdumyzyň 16 ýaşy dolan ýaş raýatlaryna raýatlyk pasportlarynyň gowşurylyş dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Şeýle dabaralaryň biri Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirildi. Oňa şäherdir etrap polisiýa bölümleriniň ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak bölümçeleriniň işgärleri, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň, ýaşuly nesliň wekilleri hem-de kämillik ýaşy dolan ýaşlar gatnaşdylar.

Dabara Döwlet senamyzyň ýaňlanmagy bilen başlandy. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler ýaşlaryň kämil derejede kemala gelmegi babatda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler barada nygtaldy. Ýaşlaryň öz gezeginde watansöýüjilik, zähmetsöýerlik bilen bu aladalara mynasyp jogap bermekleri ündeldi. Ýaşlara Türkmenistanyň raýatlyk pasportlarynyň gowşurylyşy dabaranyň şatlykly hem tolgundyryjy pursadyna öwrüldi. Soňra raýatlyk pasportyny alan ýaşlaryň birnäçesi ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Dabaranyň dowamy aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Olarda hormatly Prezidentimiziň belent tutumlary bilen beýgelýän eziz Diýarymyzyň waspy ýetirildi.

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Test barlaglary geçirildi
25.03.2026   59
Jemgyýet Garaşsyzlyk — dilimiziň dessany
31.08.2024   1375
Jemgyýet Gurmak, döretmek ýoly bilen
02.11.2024   351
Jemgyýet Enelere sarpanyň beýany
06.03.2026   64
Jemgyýet Suwda seresap bolmaly
24.06.2025   236
Jemgyýet Umyt uçgunlary
09.05.2025   266
Jemgyýet BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNÜNE
30.08.2025   192
image