Ýaşlar — türkmen jemgyýetiniň ygtybarly daýanjy
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Ýaşlar — türkmen jemgyýetiniň ygtybarly daýanjy

Söwda we maliýe
07.12.2023  249

Nesil terbiýesi ilki bilen milli ruhdan gözbaş alyp gaýdýar. Paýhasly ata-babalarymyz öz perzentlerini belent watançylyk ruhunda terbiýeläpdirler. Çünki mertlik, batyrlyk, edermenlik, parasatlylyk, ugurtapyjylyk ýaly häsiýetler biri-biri bilen kemsiz utgaşyp, hakyky türkmen şahsyýetini kemala getirýär. Hut şonuň üçin hem, türkmen perzendiniň edep-terbiýesiniň gönezliginde müňýyllyklardan aşan asylly edim-gylymlarymyzyň bardygyny bellemek buýsandyryjydyr.
Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hem çagalara ylym-bilim öwretmek, olaryň okuwa bolan höweslerini artdyrmak ata-enäniň jemgyýetiň öňünde durýan esasy borçlarynyň biridir. Şeýle çuňňur alada ýaşlaryň belent ruhda terbiýelenip, bagtyýar Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine goşant goşup bilýän ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine getirýär.
Bilşimiz ýaly, döwletimiziň geljegi bolan ýaşlar türkmen jemgyýetiniň ygtybarly hereketlendiriji güýjüdir. Ýaşlaryň jemgyýete, il-güne peýdaly işlere işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak olarda asylly sypatlary ösdürýän halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden milli terbiýesiniň möhüm kadasy we ýörelgesidir. Şu nukdaýnazardan, ata Watanymyz Türkmenistanda XXI asyrda halkyň taryhy-medeni geçmişine doly düşünýän, döwletiň bu günki ýeten belentliklerine guwanýan, jemgyýete peýdaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan hakyky watansöýüji nesiller kemala getirilýär.
Ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň orny örän uludyr. Şu nukdaýnazardan, ýerli geňeşleriň guramagynda harby gullukçylary mertlik, edermenlik we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, merdana ata-babalarymyzyň geçen şöhratly söweş ýollaryny şahsy düzümiň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, olaryň  arasynda dürli medeni, wagyz-nesihat çäreleri, maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Bularyň ählisi ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmeklerine uly itergi berýär hem-de ýurdumyzda ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olarda eziz Watanymyza, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza, sagdyn durmuş ýörelgelerine söýgini terbiýelemek ýaly asylly maksatlary nazarlaýar.

 

Meňzeş habarlar

Söwda we maliýe “Ýaşyl” energetika uly ähmiýet berilýär
01.04.2023   184
Söwda we maliýe Nebitgaz pudagy ösüş ýolunda
31.05.2023   217
Söwda we maliýe Binanyň gurluşygy ýokary depginde
21.02.2023   170
Söwda we maliýe Dokma işi bilen bagly pähimler
21.03.2023   214
Söwda we maliýe Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär
14.03.2023   218
Söwda we maliýe Dostluk ýollarynyň merkezi
20.08.2023   218
image