Ýaşaýyş hakynda aýdym
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Ýaşaýyş hakynda aýdym

Jemgyýet
20.05.2024  509

Garaşsyz ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň baýramy uly dabaralara beslenip bellenilip geçilýär. Munuň özi halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri hasaplanylýan türkmen halysyna, halyçylyk sungatyna, ony şeýle kämil derejelere ýetiren gelin-gyzlara belent sarpanyň nyşanydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz türkmen halysynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, onuň döreýiş taryhyny öwrenmek boýunça çäksiz uly işleri amala aşyrdy. Muňa Milli Lideriň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynda beýan edilýän wakalar, berilýän gürrüňler, getirilýän rowaýatlar hem doly şaýatlyk edýär. «Janly rowaýat» kitabynda: «Eger aýdym-saz sözlerde we owazlarda halk durmuşyny beýan edýän bolsa, onda halylarda guşlaryň ganat ýaýmagy, kebelekleriň tolgundyryjy ganat kakmagy, ýeňiljek ýel öwsüşi, dag çeşmesiniň şirrildisi, gül ýapraklarynyň şygyrdysy reňklerde ýüze çykýar» diýlip, çäksiz söýgi-guwanç bilen aýdylýar.

Belläp geçişimiz ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň halyçylyk sungatyny ösdürmäge, bu babatda derwaýys şertleri döretmäge aýratyn uly üns berýär. Şonuň netijesinde ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde täze halyçylyk kärhanalary açylýar, ozaldan bar bolanlarynyň mümkinçilikleri artdyrylýar. Mundan başga-da, türkmen halysyna bagyşlanan çäreler, sergiler, maslahatlar geçirilip, halyçylyk sungatynyň we halyçy gelin-gyzlarymyzyň abraý-mertebesi belende göterilýär. Olara gatnaşýan, syn edýän ildeşlerimiziň, şonuň bilen birlikde-de, daşary ýurtly myhmanlaryň täsirli gürrüňleri muny aýdyň tassyklaýar.

Ýurdumyzda döredilýän şeýle giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Daşoguz welaýatynyň çäklerinde hem halkymyzyň halyçylyk sungatyny, ýol-ýörelgelerini rowaçlandyrmaga gönükdirilen möhüm işler amala aşyrylýar. Bu babatda Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň we onuň etraplardaky önümhanalarynyň ussat halyçy gelin-gyzlarynyň bitirýän hyzmatlary örän saldamlydyr.

Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyllarda olaryň ençemesi Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada, ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp boldular. Bu belent hormat-sarpa bilen ruhy galkynan tejribeli halyçylar häzirki günlerde has-da öndürijilikli zähmet çekýärler. Şol bir wagtyň özünde-de olar ömürlerini bagyş eden kärleriniň inçe syrlaryny ýaşlara öwretmek, şeýlelikde, bu gadymy hünäriň uzak geljege dowam etmegine goşant goşmak barada hem ýadawsyz alada edýärler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Belent buýsanjyň nyşany
01.01.2025   353
Jemgyýet Dabaraly maslahat
09.07.2025   233
Jemgyýet Rysgally ýyl
24.12.2024   448
Jemgyýet Kitaphana ulgamy döwrebaplaşýar
24.01.2026   166
Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlandy
18.09.2025   204
Jemgyýet Baky bagtyň mekany
16.02.2026   150
Jemgyýet Ýagşylyk ýörelgesi
04.06.2026   117
image