Ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi

Jemgyýet
22.04.2026  115

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki «Garaşsyzlyk» sport desgasynda Türkmenistanyň Içeri işler hem-de Bilim ministrlikleriniň ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň ýaş ýangyn söndüriji toparlarynyň arasynda yglan eden bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa ozal şu bäsleşigiň etrap hem-de şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan toparlaryň 10-sy gatnaşdy.

Mekdep okuwçylarynyň ýangyn howpunyň döremeginiň, ýaýramagynyň öňüni almakda, onuň gysga wagtyň dowamynda söndürilmegini gazanmakda zerur bolan ukyp-başarnyklary pugta ele almaklaryna, şeýle gyssagly pursatlarda ulanylýan serişdeleri peýdalanmagyň tärlerini içgin öwrenmeklerine ýardam bermek maksadynda geçirilýän bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, bu tapgyra gatnaşan toparlaryň agzalary päsgelçilikli 100 metr aralyga, şonuň ýaly-da päsgelçilikli 400 metr aralyga estafeta görnüşinde ylgamak, bellenilen hereketleri ýerine ýetirmek boýunça özara güýç synanyşdylar. Bäsleşigiň barşynda olaryň her bir hereketine, çalasynlygyna, ugurtapyjylygyna eminler tarapyndan mynasyp bahalar berildi.

Bäsleşigiň umumy netijelerine görä, Daşoguz şäherindäki 24-nji orta mekdebiň topary 1-nji, Şabat etrabyndaky 45-nji orta mekdebiň topary 2-nji, Köneürgenç etrabyndaky 59-njy orta mekdebiň topary 3-nji orunlara mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşiniň, TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň Diplomlary, ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy hem-de iň ýokary orna eýe bolan topara bäsleşigiň şu ýylyň 22 — 24-nji aprelinde Daşoguz şäherinde geçiriljek döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk berilýändigi yglan edildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Täze wezipeler kesgitlenildi
16.01.2026   156
Jemgyýet Ýol abat – il abat
04.09.2024   417
Jemgyýet Ak ýollaryň asudalygy ugrunda
19.09.2025   187
Jemgyýet Akyldaryň döredijiligine bagyşlandy
20.03.2024   524
Jemgyýet Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby
03.12.2024   457
Jemgyýet Ynama ygrarlylygyň belent nusgasy
16.03.2026   125
image