Ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi

Jemgyýet
16.04.2024  463

Golaýda Daşoguz şäherindäki «Garaşsyzlyk» sport desgasynda «Ýangyn howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň ýaş ýangyn söndüriji toparlarynyň arasynda yglan edilen ýangyn-amaly sport bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň şertlerine görä, oňa gatnaşyjy toparlaryň agzalary 100 metrlik päsgelçilikli aralyga ylgamak, 4x100 metrlik ýangyn estafetasynyň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça ýaryşdylar hem-de özleriniň erjelliklerini görkezmegi başardylar. Olaryň çykyşlaryna ýörite düzülen eminler topary tarapyndan gözegçilik edildi hem-de degişli bahalar berildi.

Bäsleşigiň ahyrynda emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, 1-nji orna Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji, 2-nji orna Akdepe etrabyndaky 33-nji, 3-nji orna hem Köneürgenç etrabyndaky 59-njy orta mekdepleriň ýaş ýangyn söndürijiler toparlarynyň mynasyp bolandyklary yglan edildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine, şeýle-de onda tapawutlanan türgenlere diplomlar, ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem 1-nji orny eýelän topar şu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Gyrgunan
30.12.2024   346
Jemgyýet Ene — görelde mekdebi
19.12.2025   113
Jemgyýet Merdana pederlerimiziň nusgalyk ýoly
02.04.2026   43
Jemgyýet Çaý
29.07.2025   150
Jemgyýet Zenan saglygy ugrunda
23.02.2023   401
Jemgyýet Naryň peýdasy
13.10.2025   241
Jemgyýet Akyldaryň döredijiligine bagyşlandy
20.03.2024   457
image