Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn nesli kemala getirmek, milli sporty galkyndyrmak babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyza wekilçilik edýän ýaş türgenleriň dost-doganlyk döwletlerde guralýan abraýly sport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri bu ugurda döredilýän giň gerimli mümkinçilikleriň we döwrebap şertleriň aýdyň netijesidir.
Golaýda Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynda grek-rim göreşi boýunça 2012-2013 hem-de 2014-2015-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda geçirilen açyk çempionatda Daşoguz welaýatynyň türgenleri üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Welaýatyň Boldumsaz etrabyndaky 2-nji sport mekdebiniň türgenleri Baýmyrat Ahmedow 32 kilogram agram derejesinde ikinji, Osman Ärjanow 20 kilogram agram derejesinde üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiş gazanan türgenler degişli derejedäki medallar we Hormat hatlary bilen sylaglanyldy. Tälim beren türgenleriniň baýrakly orunlara mynasyp bolandygy üçin Boldumsaz etrabyndaky 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi Hoşgeldi Nobatmyradow hem Minnetdarlyk haty bilen sylaglanyldy.