Ýaş türgeniň üstünligi
weather dashoguz 26° C Daşoguz

Ýaş türgeniň üstünligi

Sport
29.01.2023  272

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Sylapberdi Gaýlyýew 2010-2011-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda türkmen milli göreşi boýunça geçirilen bäsleşigiň etrap tapgyrynda ýeňiji bolup, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy we onda 28 kilogram agram derejesinde üstünlikli çykyş edip, birinji orny eýeledi.

— Sportdaky bu ýeňşim ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, halkara sport ýaryşlarynda, dünýä çempionatlarynda mähriban Watanymyzyň ýaşyl Tuguny parlatjak türgenleri ösdürip ýetişdirmek ugrunda edilýän tagallalaryň miwesidir. Üstünlik üstünlige ruhlandyrýar. Men şu günler bäsleşigiň aprel aýynda geçiriljek döwlet tapgyryna ykjam taýýarlyk görýärin. Baş maksadym — ol ýerde-de ýeňiji bolmak — diýip, Sylapberdi Gaýlyýew uly ruhubelentlik bilen aýdýar. Biz hem geljegine uly umyt bildirilýän ýaşajyk türgene sport äleminde mundan beýläk-de ýeňişleriň hemra bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Meňzeş habarlar

Sport Erjel türgeniň üstünligi
30.12.2022   1017
Sport Zenanlaryň sport ýaryşlary
06.03.2025   270
Sport Sport
17.06.2025   193
Sport Talyplar  bäsleşdiler
14.03.2024   301
Sport Pälwanlar özara bäsleşdiler
18.06.2025   170
image