Berkarar döwletimizde halkymyzyň milli ýol-ýörelgeleri has rowaçlanýar. Ýurdumyzda ynsanperwer ýörelgelerimiz täze taryhy döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň durmuşa geçirýän işleri bütin halkymyzyň kalbynda çäksiz buýsanç döredýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen bu haýyr-sahawat gaznasy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da meşhurlyga eýedir. Häzirki wagta çenli gaznanyň hasabyna ýurdumyz boýunça 700-den gowrak çaganyň saglygy dikeldildi. Şeýle hem bolup geçen pajygaly ýagdaýlar sebäpli, dürli ýurtlara gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ynsanperwer kömekleri berildi. Bu bolsa halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň häzirki wagtda üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Ýeri gelende bellesek, kyn durmuş ýagdaýlaryna düşen adamlara goldaw, kömek bermek ata-babalarymyzdan miras galan asylly ýörelgedir.
Ýaş nesilleriň saglygy ata Watanymyzyň röwşen geljeginiň kepilidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hassahanalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gazanasynyň serişdeleriniň hasabyna «Tiz kömek» awtoulaglary, «Dialog+» kysymly gemodializ enjamlary sowgat berildi.
Sebitde deňi-taýy bolmadyk täsin binagärlik keşbine eýe bolan Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky saglygy dikeldiş toplumynda gaznanyň hasabyna bejergi alan çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça işler alnyp barylýar. Şu ýylyň 8-nji martynda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenilýän günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň bu ýerde bolup, bagtyýar zenanlarymyzy ajaýyp baýramçylyk bilen gutlamagy, bejergi alýan gyzjagazlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlarynyň we beýleki sowgatlaryň gowşurylmagy has-da täsirli boldy. Ýeri gelende bellesek, şu ýyl gaznanyň döredilenine 5 ýyl dolýar. Şu gysga wagtyň dowamynda gaznanyň işi halkara derejede ykrar edildi. Bilşimiz ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gazanasy bilen halkara guramalaryň hyzmatdaşlygy hem işjeňleşdirilýär. Bu bolsa gaznanyň işiniň giň gerimde ýaýbaňlandyrylmagyna şert döredýär.