Ýaş nesilleriň röwşen geljegi ugrunda
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Ýaş nesilleriň röwşen geljegi ugrunda

Syýasat
25.03.2024  20

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn uly üns berilýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 23-nji martynda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-2025-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul ediljek okuwçylara sowgat beriljek, Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak hakyndaky Karary ähli ildeşlerimizi guwandyrdy, buýsandyrdy. Bellenilişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 1-nji synpa okuwa barjak 155 müň 641 okuwça noutbuk kompýuterleri gowşurylar. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň «Bilimli» atly kompýuterleri indi birnäçe wagtdan bäri uly meşhurlyga eýe boldy. Ýaş nesillerimiziň kompýuter tehnologiýasyndan oň  at baş çykarmagy babatynda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, milli bilim ulgamynyň işi sanlylaşdyrylýar. Okuwçy ýaşlarymyzyň döredilýän giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, halkara bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolmagy durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň guwandyryjy netijeleridir.

Bilim biziň beýik geljegimizdir. Beýik geljegiň binýadyny bolsa ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarmagy arkaly berkitmek mümkindir. Ýurdumyzda ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagy babatda döredilip berilýän ajaýyp mümkinçilikler berkarar döwletimiziň röwşen geljeginiň kepilidir. Bu günki ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly nesil Watanyň ertirki eýeleridir.

image