Daşky gurşawy goramak, gözel tebigatymyzyň baýlyklaryna aýawly çemeleşmek ýurdumyzyňähli raýatlarynyň, şol sanda, ösüp gelýän ýaş nesilleriňöňünde esasy borçlaryň biri bolup durýar. Sebäbi daşky gurşawyň ygtybarly goralmagy adamlaryň gowy durmuşda ýaşamagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň biridir.
Ýurdumyzda «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu kanun tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyk we beýleki işleriň tebigy ekologik ulgamlara zyýanly täsiriniňöňüni almaga, biologik dürlüligi gorap saklamaga we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir.
Türkmenistanda ekologiýa kanunçylygynyň berjaý edilmegine degişli döwlet gözegçiliginiň geçirilişi baradaky bilimler öwredilende, täze kabul edilen kanun, onuň esasy hukuk düzgünleri we ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekdäki ähmiýeti hakda hem aýratyn durup geçmek zerurdyr.
Halkymyz adam eli bilen döredilen islendik önümiňaňyrsynda çekilen agyr zähmetiňýatandygyna, hiç zadyň zähmetsiz döremeýändigine örän oňat göz ýetirýär. Şoňa görä-de, «daban azaby» diýen düşünje halkymyzyň ruhunda hemişelik orun alypdyr. Şonuňýaly-da, halkymyz tebigatyň baýlyklarynyň hem tükeniksiz däldigini bilýär. Tebigatda hasapsyz zadyňýokdugyna düşünýär. Tebigata-da aýawly çemeleşmeseň, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmasaň, oňa-da dikeldip, düzedip bolmajak zyýanyňýetirilýändigine anyk göz ýetirýär.
Mähriban halkymyz öz daş-töweregini gurşap alan dünýä, tebigata müňýyllyklaryň dowamynda örän ýakyn durup gelipdir. Şoňa görä-de, eger tebigatyň adamzada eçilýän eşretlerinden akylly-başly peýdalansaň, oňa talaň salmasaň, tebigatdan peýdalanmagyňýokary medeniýetini saklasaň, onuň ynsany hemişe ekläp-saklaýandygyna öz durmuş tejribesi arkaly göz ýetiripdir. Şonuňüçin hem, tebigatdaky her bir ot-çöpe, ösümliklere, haýwanat dünýäsine örän aýawly çemeleşipdir. Öz mähriban tebigatynyň baýlyklaryny, gymmatlyklaryny müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirip, aýawly saklap gelipdir.
Jemgyýet bilen daşky gurşawyň arasyndaky sazlaşyk hormatly Prezidentimiziň ekologiýa babatda alyp barýan syýasatynyňözeninde durýar. Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, onuňköpdürlüligini gorap saklamak boýunça diňe bir ýurt derejesinde däl, eýsem, halkara derejesinde nusgalyk işler alnyp barylýar.
Halkymyzda Watanymyzyň müň bir derde em bolan dermanlyk ösümliklere baýdygy barada «Her keseliň emini dogan ülkäň topragyndan agtar» diýen paýhasly pikir ýörgünlidir. Güneşli ülkämiziň paýyna düşen bu baý tebigy peşgeşde halkymyzyň sagdyn we uzak ýaşamagynyň gözbaşlary goýlandyr. Gahryman Arkadagymyz bu tebigy baýlygy halkyň bähbidi üçin ýerlikli we ylmy esasda peýdalanmagyň aladasyny edip, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik işini taýýarlady. Bu möhüm ähmiýetli ylmy-ensiklopedik eseriň täze-täze jiltleri okyjylar köpçüligine gelip gowuşýar. Alym Arkadagymyzyň«Türkmenistan melhemler mekany» atly kitaby hem örän uly ähmiýete eýedir.
Bu eserleriňüsti bilen ýaş nesillerde tebigata söýgi döretmek, daşky gurşawy gorap saklamak ýaly möhüm endikleri kemala getirmek bolýar.