Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz Türkmenistanda geljegimiz bolan ýaş nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşly, ylmyň dürli ugurlaryndan baş çykarýan kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilýär. Türkmen halky gadym döwürlerden bäri çaga terbiýesine aýratyn üns beripdir. Heniz aga-gara düşünip ugrandan, gyzjagazlara iňňe bilen sapak, oglanjyklara pil berip, zähmet endiklerini terbiýeläp başlapdyrlar. Aslynda halkymyzda islendik hünäriň atadan ogla, eneden gyza geçmek däbi bar. Şonuň üçinem çagalara döwrebap, milli terbiýe bermek, olarda Watana, halka wepalylygy, ene-ata bolan söýgini terbiýelemekde halk döredijiliginiň hem orny uludyr. Çaga dünýä inenden ony uly arzuw-höwesler bilen ene-mamalarymyz hüwdüläpdirler. Her bir türkmen çagasynyň eşidýän ilkinji zady hüwdüdir. Gelin-gyzlaryň şahyrana döredijiliginiň bu görnüşi aýal-gyzlaryň çaga bolan çäksiz söýgüsini özünde jemlemek bilen birlikde, olaryň arzuw-höweslerini çeper beýan edýär. Gelin-gyzlarymyz hüwdüleriň üsti bilen gyz çagalaryň elleriniň hünärli, oglan çagalaryň bolsa gerçek, goç ýigitler bolmaklaryny arzuwlapdyrlar.