Golaýda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki «Ýaşlar» merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde, mekdepden daşary bilim edaralarynda hereket edýän haly gurnaklarynyň arasynda yglan edilen «Iň gowy haly gurnagy» atly bäsleşigiň Daşoguz şäher tapgyry geçirildi.ge çi ril di.
Bäsleşik ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň ýokary synp okuwçy gyzlaryny haly gurnaklarynyň işine gatnaşygyny has-da kämilleşdirmäge, haly sungatyna bolan höwesini artdyrmaga, işjeňligini ýokarlandyrmaga, olaryň jemgyýetçilik işine işjeň gatnaşmaklaryny gazanmaga we amaly-haşam sungatyna bolan söýgüsini, ukybyny we zehinini, başarnygyny açyp görkezmäge, çeper elli halyçy gyzlary ýüze çykarmaga gönükdirildi.
Bäsleşikde gurnaklary düzýän okuwçy gyzlar onuň şertlerine laýyklykda, öz okaýan mekdeplerinde hereket edýän haly gurnagyny şahyrana dilde, asylly gyz edebi bilen bagly bolan türkmen däpleriniň, ula hormat goýmak, kiçini sylamak ýaly terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlaryň, aýdymlaryň, rowaýatlaryň üsti bilen beýan edip, öz ukyplaryny açyp görkezdiler. Soňra öz ýanlary bilen getiren haly önümleriniň gutarylmadyk nagşynyň belli bir bölegini çitip, nagşy barada gürrüň berdiler. Bäsleşigiň ahyrky şertinde bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden joşup çykan «Arşyň nepisligi» atly kitabyna salgylanyp, türkmen halysynyň gözelligi, haly sungaty bilen baglanyşykly nagyşlaryň taryhyndan gürrüň berýän gadymy rowaýatlary, yrymlary, aýdyşyklary, gazallary, goşgulary, çeper sahnalary, aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.
Örän çekeleşikli ýagdaýda geçen bu bäsleşikde özleriniň aýratyn başarjaňlygyny görkezen gyzlar topary öňe saýlandy. Şeýlelikde, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň haly gurnagy ýeňiş gazanyp, bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşanlara Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Şeýle bäsleşikler Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň, Akdepe etrabynyň Andalyp şäher, Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäher medeniýet merkezlerinde hem işjeň ýagdaýda geçirildi.