Ýaryşyň guramaçylygyna goşant
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Ýaryşyň guramaçylygyna goşant

Sport
16.04.2024  22

 

Aşgabatda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryş eýýäm ilkinji gününden ýokary guramaçylyk derejesine eýe boldy. Muny halkara sport baýramçylygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen myhmanlar hem nygtaýarlar. Bu babatda meýletinçi talyplar hem kesgitlenen ugurlaryň 14-si boýunça iş alyp barýarlar.

Has takygy, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinden, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinden, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan saýlanyp alnan talyplaryň 200-si akkreditasiýa kartlaryny resmileşdirmek; protokol; sport ýygyndylary; lukmançylyk hyzmatlary; desgany dolandyrmak; maglumat tehnologiýalary; ýaýlyma bermek, media we metbugat; ýaryşyň açylyş, ýapylyş, sylaglaýyş dabaralary; iýmit üpjünçiligi; ulag hyzmatlary; myhmanlary garşy almak we ugratmak; myhmanlary ýerleşdirmek ýaly ugurlar boýunça degişli ýardamlary berýärler.

11-nji martdan meýletinçi talyplary halkara ýaryşa taýýarlamak işlerine badalga berildi. Soňra bir aýyň dowamynda ýaryşyň geçiriljek ýerinde — Gyşky oýunlar sport toplumynda degişli okuwlar geçirildi. Olaryň dowamynda meýletinçi talyplara Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasy we käbir ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri tarapyndan halkara ýaryşyň dolandyryş merkeziniň işi, hokkeý sporty, meýletinçilik işinde özüňi alyp barmagyň düzgünleri, daşary ýurtly toparlary ugrukdyrmagyň tertibi we beýleki ugurlar boýunça düşünjeler berildi. Üstünlikli geçirilen okuwlaryň netijesinde, meýletinçi talyplar bu ýaryşa taýýarlykly geldiler.

Meňzeş habarlar

Sport Sport — sagdynlygyň gözbaşy
20.05.2024   6
Sport Talyplar  bäsleşdiler
14.03.2024   16
Sport Ilkinji günüň ilkinjileri
16.04.2024   10
Sport Spartakiadanyň welaýat tapgyry
20.12.2022   9
Sport Ýetginjek türgeniň ýeňşi
08.05.2024   17
Sport Erjel türgeniň üstünligi
30.12.2022   42
Sport Ýaş türgeniň üstünligi
29.01.2023   11
image