«Ýaňlan, Diýarym! — 2025»
weather dashoguz 25° C Daşoguz

«Ýaňlan, Diýarym! — 2025»

Medeniýet
03.06.2025  513

Ajap döwrüň joşguny hoş owazlarda

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň «Bagtyýar zaman» medeniýet öýünde ýaýbaňlandyrylan «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Daşoguz şäher tapgyry uly ruhy joşguna beslendi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäginde geçirilýän aýdym-sazly, şowhunly bäsleşigiň şäher tapgyryna zehinli höwesjeň aýdymçylar gatnaşdylar. Olaryň ýerine ýetiren aýdymlarynda ýaşlyk joşguny, ýaşlaryň bagtyýar döwrümize bolan buýsanjy öz beýanyny tapdy. Asyrlaryň dowamynda ussat bagşy-sazandalarymyz tarapyndan sünnälenen halk aýdymlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetirilmegi milli aýdym-saz sungatymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.

Baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen bu aýdym-sazly bäsleşigiň esasy maksady zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan, döredijilige ruhlandyrmakdan ybaratdyr. Bäsleşige gatnaşýan ýaş aýdymçylar nusgawy estrada aýdymlaryny, halk we häzirki zaman aýdymlaryny ýerine ýetirip, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Eminler topary bäsleşige gatnaşyjylaryñ ussatlygyna hem-de döredijilikli çemeleşmesine, sahnada özüni alyp barşyna, ukyp-başarnygyna baha berdi.

Netijede, welaýat medeniýet müdirliginiň «Dostluk çemeni» tans toparynyň artisti Humaý Batyrowa, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby Röwşen Gurbannazarow, Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň höwesjeň aýdymçysy Eziz Sabyrow dagy üstünlikli çykyş edip, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Milliligiň we döwrebaplygyň sazlaşygy
26.03.2025   466
Medeniýet Berkarar döwleti islän şahyr
29.07.2024   640
Medeniýet Milli däbim — mertebäm
30.03.2024   504
Medeniýet Akyldaryň döredijiliginde saz adalgalary
01.09.2025   187
Medeniýet Ýüreklerde orun alan şahyr
30.04.2024   491
Medeniýet Agajy işläp bejermek sungaty
02.01.2023   619
image