«Ýaňlan, Diýarym!»
weather dashoguz 37° C Daşoguz

«Ýaňlan, Diýarym!»

Jemgyýet
08.08.2024  379

Bagtyýar durmuşymyzyň belent waspy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda aýdym-saz sungatyna, milli medeniýetimize belent sarpa goýulýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde her ýylda uly ruhubelentlikde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi aýdym-saza höwesli, zehinli ýaşlaryň birnäçesini ýüze çykarýar. Golaýda bu bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi.

Daşoguz şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki dabaralar meýdançasynda özboluşly sungat baýramçylygyna tomaşa etmäge gelen bagtyýar ildeşlerimiz bäsleşige gatnaşýan höwesjeň aýdymçylary uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Bäsleşigiň welaýat tapgyryna 10 höwesjeň aýdymçy gatnaşdy.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, höwesjeň aýdymçylar öz saýlan aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Şeýle hem bir sany aýdymy sazsyz ýerine ýetirip, özleriniň ses ukyplaryny görkezdiler. Ýaş ýerine ýetirijileriň aýdymlary boýunça eminler topary özleriniň maslahatlaryny berdiler. Sanly ulgam arkaly her bir bäsleşige gatnaşyjynyň çykyşyndan soňra, eminleriň beren bahalary hem görkezildi.

Gyzykly hem-de şowhunly geçen bäsleşigiň ahyrynda eminler topary tarapyndan ýeňijiler yglan edildi. Dabaraly ýagdaýda Akdepe etrap medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleri Aýşat Muradowa we Orazguly Jollyýew «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat tapgyrynyň ýeňijileri diýlip yglan edildi we olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bitarap Diýara hoş geldiň, Täze ýyl!
29.12.2025   149
Jemgyýet «Guşy gonanda tut!»
04.02.2026   121
Jemgyýet Köne güzer
11.02.2025   437
Jemgyýet BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNÜNE
30.08.2025   214
Jemgyýet Maslahat geçirildi
02.05.2024   434
Jemgyýet Halypa-şägirtlik ýörelgesine eýerip
05.07.2024   428
Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlandy
18.09.2025   168
image