Ýalkym saçýar Täze ýylyň arçasy
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Ýalkym saçýar Täze ýylyň arçasy

Jemgyýet
16.12.2025  156

Owazasy äleme dolan ägirt uly taryhy-syýasy wakalary, şanly seneleri bilen täze taryhy döwrüň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly kalplary ýakymly duýgulara besläp, tamamlanyp barýar. Bosagada bolsa Täze — 2026-njy ýyl! Täze ýylyň dabarasy, şatlyk-şowhuny eýýämden ýurdumyzyň çar künjüni, bagtyýar raýatlarymyzyň her birini baýramçylyk ruhubelentligi bilen gurşap aldy.

Misli ertekiler dünýäsinden çykyp, alys ülkelerden ýol söküp gelen Aýazbabadyr Garpamygyň gözel Diýarymyza gadam basmagy Täze ýylyň has golaý gelenini buşlap, göwünleri galkyndyrýar.

Menzil-menzil ýol aşyp, Daşoguz  welaýatynyň çägindäki taryhy ýadygärliklere syýahat eden Aýazbabadyr Garpamygyň bezemen Täze ýyl paýtuny täze taryhy döwürde yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap binalary bilen barha gözelleşýän welaýat merkezine geldi. Olaryň baýramçylyk gezelenjine döwrümiziň gül-gunçalary bolan bagtyýar çagalar hem höwes bilen goşuldylar. Şagalaňly gezelenje gatnaşýanlar ýolugruna gurlup ulanmaga berlen ajaýyp binalary synladylar. Aýazbabadyr Garpamyk bagtyýar çagalar bilen welaýat merkeziniň gözel künjeginde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki welaýatyň baş arçasynyň ýanyna geldiler. Şowhunly aýdym-sazlar bilen garşylanan Aýazbaba we onuň agtyjagy Garpamyk bagtyýar çagalary Täze ýyl baýramy bilen gutladylar. Täze ýyl arçasynyň degresi dürli baýramçylyk bezegleridir reňbe-reň çyralar bilen bezelip, özboluşly gurşawy emele getirýär. Çagalaryň şatlyk-şowhuny astynda Aýazbabanyň «jadyly taýagy» bilen Täze ýyl arçasynyň yşyklarynyň ýakylmagy dabaranyň täsirli pursadyna öwrüldi.

Reňbe-reň yşyklar bilen töweregine ýalkym saçýan Täze ýyl arçasynyň döwresi göz gamaşdyryjy nura beslenip, baýramçylyk şowhuny göwünlere şatlyk paýlady. Öwşün atýan çyralaryň lowurdysy parahat asmanymyzdaky ýyldyzlara çalym edip, barha döwrebaplaşýan Daşoguz şäheriniň gijeki gözelligine gözellik goşdy. Şondan soň baş arçanyň döwresindäki baýramçylyk dabarasy uly şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslendi. Belent heňde ýaňlanan aýdym-sazlarda, şowhunly çykyşlarda täze taryhy döwrümiziň waspy ýetirildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Söz dünýäsine seýran
02.12.2025   143
Jemgyýet Garaşsyzlyk — dilimiziň dessany
31.08.2024   1456
Jemgyýet Şanly ýylyň dabaralanmagy
24.01.2025   312
Jemgyýet Zergärçilik sungatym — miras daragtym
10.05.2025   332
Jemgyýet Belent hormatyň buýsanjy
02.11.2024   347
Jemgyýet Ýol abat-il abat
12.09.2025   179
Jemgyýet Bol suw — bereketli hasyl
22.01.2025   351
image