Ýagty geljegiň binýady
weather dashoguz 35° C Daşoguz

Ýagty geljegiň binýady

Jemgyýet
03.04.2025  362

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen, Daşoguz welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň hem-de saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda «Arkadagyň saglyk sahawaty — çagalaryň ýagty geljeginiň binýady» atly dabaraly maslahat geçirildi. Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň mejlisler zalynda geçirilen maslahata il sylagly ýaşulular, mährem eneler, saglygy goraýyş işgärleri, operasiýa geçirilen çagalar we olaryň ata-eneleri gatnaşdylar.

Bu ýerde çykyş edenler Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işleri barada aýratyn durup geçdiler. Bilşimiz ýaly, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna welaýatda 113 çagada operasiýa geçirilip, olaryň saglygy dikeldildi. Çykyş edenler bular barada aýratyn buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem bu ýerde operasiýa geçirilen çagalaryň ene-atalary çykyş edip, çagalarynyň saglygyny dikeltmek üçin beren sahawatly hemaýaty üçin Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny joşgunly beýan etdiler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Milli buýsanjymyza hormat
22.10.2024   337
Jemgyýet Bilim ýoly — bagt ýoly
30.08.2025   235
Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
30.11.2024   410
Jemgyýet Bäsleşigiň döwlet tapgyry
27.04.2026   81
Jemgyýet Dost-doganlygyň binýady
09.01.2026   138
Jemgyýet Kitap — kämilligiň gözbaşy
04.04.2024   769
Jemgyýet Ýaşlara raýatlyk pasporty gowşuryldy
14.05.2026   83
Jemgyýet Ulgamyň beýik ösüşleri
21.07.2025   344
image