Ýagşylyk ýörelgesi
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Ýagşylyk ýörelgesi

Jemgyýet
04.06.2026  65

Ata-babalarymyzdan miras galan «Ýagşylyk et, derýa at, balyk biler, balyk bilmese halyk biler», «Ýagşylyk ýerde ýatmaz», «Ýagşylyk et, alkyş al!» diýen ündewler ýagşylyk edip ýaşamak hakyndaky nusgalyk ýol-ýörelgedir. Ýagşylyk etmek munuň özi kömege mätäç adamlara ýardam bermekdir. Şeýle mukaddes düşünjäniň gadyr-gymmaty Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly romanynda täsirli wakalar arkaly beýan edilýär. Romanda beýan edilişi ýaly, Anna aga bütin ömrüni iline-gününe ýagşylyk etmäge bagyşlan ynsan. Ol kynçylykly döwürde çagalara bilim bermek, sowat öwretmek ýaly juda sogaply işe ömrüni bagyşlaýar. Şol döwürde öz hasabyna «Meýletin mekdep» gurup, onda obanyň diňe çagalaryny däl, sowat öwrenmek isleýän uly adamlary-da okatmak bilen, uly sogap gazanýar.

Ýagşylyk ýatdan çykmaýar. Muňa romandaky bir wakanyň mysalynda has-da aýdyň göz ýetirýäris. Sekiz ýaşlyja Berdimuhamedi enesi Hesel eje Hojaahmet mollanyňka eltip: «Agtygyma sowat öwret, bizden hem gaýdar» diýende, Hojaahmet mollanyň aýdan sözleri-de ýagşylygyň ýerde ýatmaýandygyny, mümkinçilik bolan pursadynda gaýtarylýandygyny görkezýär. Molla: «Gaýtarmaly tarap bizdiris, ene. Men medresä okuwa gitmezden öň Anna aganyň «Meýletin mekdebine» gatnapdym. Indi gezek bize geldi. Enşalla, bergi-borjumyzy gaýtarmak bize-de nesip eder» diýmek bilen, özüne edilen ýagşylygy ýerine salmagyň nesip edendigine-de begenýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» diýen ajaýyp romany-da durşuna milliligimize ýugrulan terbiýeçilik mekdebidir. Biz muňa kitapda gozgalýan ähli temalaryň mysalynda aýdyň göz ýetirýäris. Çünki olaryň haýsy birine salgylansaň, halkymyzyň milli edep gymmatlyklarynyň, parasada ýugrulan edim-gylymlarynyň gadyryny duýýarsyň. Kitapda yzygiderli gabat gelinýän ýagşylyk etmek, ýagşy adam bolmak sypatlary baradaky wakalar hem onuň terbiýeçilik mekdebidigini bütin aýdyňlygy bilen subut edýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ylym-bilime giň ýol
20.12.2025   159
Jemgyýet Watan mukaddesligi
10.02.2026   113
Jemgyýet Ýaşaýyş hakynda aýdym
20.05.2024   466
Jemgyýet Şadyýan tomus
17.07.2024   428
Jemgyýet Milli ýörelgeler dabaralanýar
14.05.2025   281
Jemgyýet Bäsleşigiň welaýat tapgyry
11.05.2024   444
Jemgyýet 6-njy oktýabr — Hatyra güni
05.10.2024   522
Jemgyýet Talyp kalbynyň joşguny
19.12.2024   386
image