...Ýüz-gözleri hemişe mylaýym ýylgyryp duran bu gelniň ile-güne örän haýyrly käri bar. Ýagny ol her gün Daşoguz şäheriniň merkezi köçeleriniň ugrunda ýerleşen öýlere, edara-kärhanalara hat-habarlary, gazet-žurnallary gowşurýar. Şonuň üçin hem ol ýerlerde onuň gelerine sabyrsyz garaşýan, oňa «Köp sag bol!» diýmäge endik edinen adamlar az däl. Dogry, häzirki wagtda el telefony ýa-da internet arkaly köpler bilen habarlaşmak mümkin. Emma, munuň bilen bu hat gatnadyjy gelniň hyzmatynyň gymmaty sähelçe-de egsilenok. Çünki onuň getirýän hat-habarlarynda olary goýberen ynsanlaryň eliniň-gözüniň yzy, gazet-žurnallarynda agzalan tehnikalardan tapyp bolmajak mähir duýulýar...
Biziň bu gürrüňimiz welaýat «Daşoguzpoçta» aragatnaşyk kärhanasynyň Daşoguz şäherindäki 10-njy aragatnaşyk bölüminiň hat gatnadyjysy Berno Matkurbanowa hakynda barýar. Hawa, bu gelniň käri, il arasynda ýörgünli atlandyrylyşy ýaly, poçtalon. Onuň bu kärde yhlas bilen zähmet çekip ýörenine-de indi 18 ýyl bolupdyr. Iliň hyzmatynda geçirilen bu ýyllar ony bölümiň tejribeli işgärleriniň hataryna goşdy.
Elbetde, her bir käriň ýeňil bolmadyk aladalary, içgin öwrenmeli ýol-ýörelgeleri bolýar. Bu Bernonyň işinde hem şeýle. Çünki ol öz käri bilen baglanyşykly günde ýüzläp adamlar bilen iş salyşmaly, olara hyzmat etmeli. Şonda olaryň hersiniň öz isleg-talaby, pikir-garaýşy aýratyn. Şoňa görä-de, şol müşderileriň göwnüni tapmak üçin ir-giç diýmän, ylgamaly wagtlary-da az gabat gelenok.
Bernonyň öz käriniň şeýle inçe syrlaryny ele almagyna bölümiň tejribeli hünärmenleri Güljemal Kösäýewa, Nurgözel Sopyýewa dagy uly kömek beripdirler. Şonuň üçin ol häzir hem arkalaşyp, agzybirlikli zähmet çekýän bu işdeş ýoldaşlaryny ilkinji halypalary hasaplaýar, olara köp taňryýalkasyn aýdýar. Sebäbi ol öz käriňe jogapkärli çemeleşmegiň, oňa ähli yhlasyňy, gujur-gaýratyňy siňdirmegiň mysalyny halypalarynda görýär.