Wysala gowşan ak arzuwlar
weather dashoguz 26° C Daşoguz

Wysala gowşan ak arzuwlar

Jemgyýet
21.06.2025  224

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ähli künjegindäki ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde gutardyş dabarasy mynasybetli aýdym-sazly çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy. Şeýle dabaraly çäre Daşoguz welaýatyndaky Türkmen oba hojalyk institutynda hem uly ruhubelentlige beslendi.

Institutyň baş binasynyň öňünde geçirilen dabara Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen başlandy. Soňra institutyň rektory hem-de professor-mugallymlary ýokary okuw mekdebini tamamlaýan bagtyýar ýaşlary durmuşlarynda ýatdan çykmajak ajaýyp dabara mynasybetli gutladylar. Kalplary belent buýsanja beslenen talyp ýaşlaryň taýýarlan edebi-sazly çykyşlary, aýdymlary dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Dabaranyň ahyrynda bagtyýar ýaşlara ýokary okuw mekdebini tamamlandygy hakyndaky diplomlar we ýörite nyşanlar gowşuryldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu ýokary okuw mekdebini 493 sany uçurym tamamlaýar. Ýurdumyzda oba hojalyk ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlaýan bu ýokary okuw mekdebiň Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly tagallasy bilen döredilendigini aýratyn bellemek gerek.

Dabaranyň tolgundyryjy pursadynda «Soňky jaňyň» kakylmagy ajaýyp döwürde ylym-bilimden ganatlanyp, öz saýlan hünärlerini kämil ele alan talyp ýaşlaryň zähmet ýoluna ilkinji gezek gadam basýandygyny alamatlandyrdy. Dabara mynasybetli uçurylan ak kepderiler asuda asmana özboluşly bezeg berip, bagtyýar ýaşlaryň ajaýyp döwrümizde ganatlanan buýsançly kalplaryny, wysala gowuşýan ak arzuwlaryny alamatlandyrdy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ruhubelentlige beslenen dabaralar
05.04.2024   351
Jemgyýet Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty
24.04.2024   439
Jemgyýet Bilim — röwşen geljegiň açary
08.09.2025   164
Jemgyýet Bag — durmuşyň bezegi
30.10.2024   395
Jemgyýet Gül baharyň waspy
04.03.2026   57
Jemgyýet Şanly senä bagyşlandy
03.12.2024   321
Jemgyýet Geljegiň ygtybarly binýady
28.05.2024   422
image