Woleýbolçy gyzlaryň üstünligi
weather dashoguz 25° C Daşoguz

Woleýbolçy gyzlaryň üstünligi

Sport
26.03.2024  380

Golaýda sportuň woleýbol görnüşi boýunça Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda 2007-nji ýylda doglan we ondan kiçi ýaşly oglanlaryň hem-de gyzlaryň arasynda ýaryş Mary welaýatynda geçirildi. Ýaryşa Daşoguz welaýatynyň woleýbolçy gyzlar topary hem uly höwes bilen gatnaşdy.

Şunlukda, örän çekeleşikli hem-de gyzykly geçen ýaryşda üstünlikli çykyş edip, Daşoguz şäherindäki 6-njy sport mekdebiniň gyzlar topary ikinji orna mynasyp boldy. Ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Milli woleýbol federasiýasynyň Kubogy we hemaýatçylaryň gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

Sport Spartakiadanyň welaýat tapgyry
20.12.2022   392
Sport Şatlyga beslenýän günler
24.06.2024   337
Sport Boksçularyň bäsleşigi
08.04.2024   410
Sport Ýetginjek türgeniň ýeňşi
08.05.2024   363
Sport Maşgalalar bäsleşdiler
19.02.2025   257
Sport Gyzykly geçen ýaryşlar
28.10.2024   258
Sport Spartakiadanyň çäklerinde
12.01.2026   93
image