Öz döwründe meşhur, sylag-hormatly, sopuçylyk taglymatyny ýöreden beýik pirleriňbiri-de Nejmeddin Kubradyr. Ol gündogar edebiýatynda uly pir, ussat şahyr hem -de akyldar alym hökmünde uly meşhurlyga eýe bolupdyr.
Onuňhakyky ady Ebul Jennab Ahmet bin Omar bolupdyr. Nejmeddin ady oòa «Kubra» lakamy bilen birlikde ýaşlygyndan ýiti zehini we girişen her bir ylmy jedellerde ýeòiji bolandygy üçin halypasy tarapyndan berlipdir. Altmyşa golaý müridiniňwelilik derejesine ýetmeginde eden uly hyzmatlary üçin oòa «welileriňşyhy» derejesi berilýär.
Nejmeddin Kubra 1221-nji ýylda Horezmiňpaýtagty bolan Ürgenjiňgoranyşynda ýanynda galan birnäçe müridi bilen birlikde şehit bolýar. Rowaýata görä, şyh bir mongolyò, ýagny öz jelladynyňsaçyndan berk tutup duran ýagdaýda wepat bolýar. Emma şyh ölenden soòra hem keramatly piriňelinden aýryp bilmändikleri üçin duşmanyňsaçyny kesmäge mejbur bolupdyrlar.