Welaýatyň birinjiligi ugrundaky ýaryş
weather dashoguz 5° C Daşoguz

Welaýatyň birinjiligi ugrundaky ýaryş

Sport
10.05.2026  161

Daşoguz welaýatynyň  mekdep okuwçylarynyň arasynda «Biz Oguz han nesli» diýen at bilen sportuň 100 m aralyga ylgamak, 4x100 m aralyga estafeta ylgawy, ýaglyga towusmak, turnikde özüňi çekmek, tanap çekmek görnüşleri boýunça welaýat birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Ony Daşoguz welaýat häkimligi, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilelikde guradylar. Daşoguz şäherindäki «Garaşsyzlyk» sport desgasynda ýokary derejede geçirilen ýaryşa Saparmyrat Türkmenbaşy, Akdepe, Görogly, Boldumsaz, Gubadag, Şabat, Köneürgenç, Garaşsyzlyk etraplaryndan we Daşoguz şäherinden toparlar gatnaşyp, oýunlar diýseň gyzykly häsiýete eýe boldy. Ýaryşda öz garşydaşlaryny utmak bilen, iň köp utuk toplan Daşoguz şäheriniň mekdep okuwçylaryna taý gelen bolmady. Olar birinji orny eýeläp, sport bäsleşiginiň ýeňijisi boldular. Ikinji orny utuk sanlarynyň deň gelmegi bilen Saparmyrat Türkmenbaşy we Garaşsyzlyk etraplarynyň okuwçylar topary, üçünji orny bolsa Köneürgenç etrabynyň topary eýeledi.

Ýaryşyň ýeňijileri «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň Hormat hatlary hem-de TMÝG-niň welaýat geňeşiniň sowgatlary bilen sylaglanyldy.

Meňzeş habarlar

Sport Maşgalalar bäsleşdiler
19.02.2025   369
Sport Woleýbolçylar bäsleşdiler
18.06.2025   367
Sport Ökde türgenleriň ýeňşi
15.07.2024   449
Sport Sport — sagdynlygyň gözbaşy
20.05.2024   451
Sport Ýeňişler dowamly bolsun!
14.07.2026   142
Sport Birinjilik ugrunda bäsleşdiler
24.03.2025   387
image