Watanyň waspçy gyzy
weather dashoguz -0° C Daşoguz

Watanyň waspçy gyzy

Medeniýet
13.01.2025  26

Çagalar ata Watanymyzyň buýsanjydyr. Olaryň şadyýan gülkileri, hoş owazly aýdymlary parahatçylygyň, abadançylygyň hem-de bagtyýarlygyň kepilidir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günleriniň şatlykly pursatlary aýdym-sazyň muşdagy Nurjemal Ýusupowa üçin hem aýratyn ähmiýetli boldy. Şu ýylyň 4-nji ýanwarynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolmak bagtyýar nesilleriň ençemesine miýesser etdi. Şolaryň hatarynda Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Nurjemal Ýusupowa hem bar.

Nurjemal 2009-njy ýylda Daşoguz şäherinde dünýä inýär. Ol çagalar bagyna gatnaýan döwürleri aýdym-saza teşne bolýar. Maşgalada iň uly gyz perzendiniň aýdym-saza höweslidigini heniz çagaka  ejesi Selbi Babaýewa duýýar. Nurjemal Daşoguz şäherindäki 36-njy çagalar bakja-bagynda geçirilýän dürli çärelerde birnäçe aýdymlary ýerine ýetirýär.

Nurjemal Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň 5-nji synpynda okaýarka «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň Daşoguz şäher tapgyrynyň ýeňijisi bolýar. Bu bolsa Nurjemalyň aýdym aýtmaga bolan höwesini has-da artdyrýar. Häzirki wagtda ol welaýatymyzda geçirilýän çärelerde hem yzygiderli çykyş edýär. Nurjemalyň «Arkadagly Serdarymyz», «Janelek», «Çalsana, bagşy!» ýaly aýdymlary höwes bilen ýerine ýetirýändigini bellemek möhümdir.

Çagasynyň zehinini goldamak, oňa buýsanmak ata-ene üçin uly bagtdyr. Nurjemalyň kakasy Serdar, ejesi Selbi gyzynyň zehinine diýseň buýsanýarlar. Ata-enesiniň gürrüň bermegine görä, Nurjemal beýleki doganlaryndan tapawutlylykda, aýdym-saza, sungata uly höwes bildirýär. Onuň diňe bir aýdym-saza däl, eýsem, daşary ýurt dillerini öwrenmäge hem höweslidigini bellemeli. Nurjemal öz öňünde belent maksatlary goýýar. Ol özüniň dil öwrenmekde ukyp-başarnygyny kämilleşdirmegi maksat edinýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryny, zehinini ýüze çykarmak üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Nurjemal Ýusupowa hem berkarar döwletimiziň bagtyýar nesilleriniň biri. Ol özüniň zehinini açmaga, ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagyna ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş aýdýar.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Gül Diýaryň belent waspy
25.05.2024   97
Medeniýet Dost-doganlyk mukamlary ýaňlandy
17.04.2024   102
Medeniýet Halyçy zenanlaryň bäsleşigi
24.04.2024   156
Medeniýet Ýüreklerde orun alan şahyr
30.04.2024   122
Medeniýet Ynsanperwerligiň beýik waspçysy
22.08.2024   95
Medeniýet Baýramçylyga bagyşlanan çäre
26.04.2024   114
image