Watanyň mertebe tugy
weather dashoguz 40° C Daşoguz

Watanyň mertebe tugy

Jemgyýet
09.03.2024  1156

Baharyň göwünlere galkynyş, tebigata özgeriş getirýän ajaýyp pursatlarynda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän dabaralar gülden görkli gelin-gyzlarymyzyň taryhy döwürde sarpasynyň has-da belent tutulýandygyny alamatlandyrýar. Nurana baýramçylyk mynasybetli «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de Daşoguz şäher medeniýet merkezi bilen bilelikde guramagynda «Zenanlar — berkarar Watanymyzyň mertebe tugy» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň uly mejlisler jaýynda geçirilen dabara dürli ulgamlarda zähmet çekýän bagtyýar gelin-gyzlar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler täze taryhy döwürde zenanlara goýulýan belent hormat-sarpa hakynda buýsançly gürrüň etdiler. Çykyşlarda jemgyýetimizde zenanlaryň tutýan ornunyň uludygyny, olaryň netijeli işlemegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini bellediler.

Baýramçylyk çäresiniň dowamy şäher medeniýet merkeziniň aýdymçylarynyň hem-de çeper höwesjeňleriniň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
26.09.2024   383
Jemgyýet «Awaza» dost-doganlygyň mekany
01.08.2025   196
Jemgyýet Täze ýylyň şatlykly dabaralary
07.01.2025   345
Jemgyýet Şanly ýylyň şanyna
22.02.2023   438
Jemgyýet Bol harytly mekdep bazarlary
14.08.2024   545
Jemgyýet Tanyşdyrylyş dabarasy
20.12.2024   345
Jemgyýet Goşa toýuň şanyna
25.06.2025   266
image